35.9 C
Aşkabat
02.08.2025
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Dronuň «Akylly» Modeli

Hytaýyň «SZ DJI Technology» kompaniýasy häzirki döwrüň iň öňdebaryjy kwadrokopteri bolan «DJI Mavic Air 2» dronunyň täze modeli görkezilişe çykardy. Bu model datçikli «Quad Bayer 1/2′ 48 МP» wideokamera bilen enjamlaşdyrylandyr we «HDR» (120 Mbit/s akym bilen 4К 60 Gs-e çenli) formatda wideo we foto işlerini ýerine ýetirip bilýär. Enjamyň agramy 570 gram, göwrümi bolsa 183-253-77 millimetrden ybaratdyr. Ol 8 Gb ýada eýe bolup, 40,42 Wt/sagatlyk kuwwatlandyryjy bilen enjamlaşdyrylandyr. Şol jähetden, dronuň 34 minut uçmaga mümkinçiligi bar. Kwadrokopter örän çalt uçup, ol iň ýokary tizligini sagatda 68,4 kilometre ýetirip bilýär. Dronuň pulty modifisirlenip, «OcuSync 2.0» sistemasynda işleýär. «DJI Mavic Air 2» dronunyň bazar nyrhynyň, takmynan, 799 dollar bolmagyna garaşylýar.

Taýýarlan: Jennet Bekmämmedowa.

Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/

google de dron, iň täze habar iň täze dron habar, iň täze türkmenistan habar, iň täze turkmen habar

Degişli makalalar

“Altyn Asyryň” Ýaşlar Düzümi Birinji Orny Eýelemegini Dowam Edýär

Sport Guramalarynyň Halkara Konfederasiýasynyň Prezidenti Bilen Duşuşyk

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Talyplar Döredijiliginiň Festiwaly Geçirildi

turkmenhabargullugy