19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy. Gelip gowşan teklipleriň seljerilmegi netijesinde, desgalaryň birnäçesini hususylaşdyrmaga degişli bolan desgalaryň sanawyna goşmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän işleriň ýakyn geljekde bäsdeşlige ukyply bazary kemala getirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine mümkinçilik berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere degişli maksatnamalaýyn resminamalarda kesgitlenen wezipeleriň çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz garamagyndaky edaralaryň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryÝ.Kakaýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda” ýurdumyzyň iri senagat toplumlaryny hem-de gazgeçiriji ulgamlaryny döretmek, geljegi uly nebit ýataklaryny özleşdirmek barada öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin soňky döwürde köp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda nebitgaz serişdeleriniň çig mal goruny artdyrmak barada alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak we täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmak barada beren tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen,“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan geljegi uly Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda ýerleşýän meýdanyny özleşdirmek boýunça geçirilenseljerme işleriniň netijeleri barada habar berildi. Geçirilen seljermeler bu meýdanda örän baý uglewodorod ýataklarynyň bardygyny tassyklaýar.Bu meýdany daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmegiň deslapky seljermesi işlenip taýýarlanyldy. Taslamanyň esasy maksady Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegi çaltlandyrmakdan, daşarky bazara ýerlenilýän nebit önümleriniň möçberini artdyrmakdan ybaratdyr.

Täze ýatagy özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemi 60 sany gözleg-barlag we ulanyş guýularyny, şeýle hem beýleki zerur desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Deslapky hasaplamalara görä, bu meýdany özleşdirmegiň birinji tapgyrynda nebitiň ätiýaçlyk geologiýa gorlarynyň takmynan 38,5 million tonna, bu işleriň dowam etmegi bilen, ýatagyň umumy ätiýaçlyk gorlarynyň 87,3 million tonna ýetmegi mümkin. Ilkinji ýedi ýylyň dowamynda bu ýerden 7 million tonna golaý möçberinde nebit çykarmak göz öňünde tutulýar.

Bu meýdany özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ABŞ-nyň 600 million dollaryna golaý serişde zerur bolup durýar.Ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi, Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda we maýadarlarynda uly gyzyklanma döredýär. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek hem-de sarp edilen çykdajylary bu ýerden çykaryljak nebitiň belli bir bölegi bilen gaýtarmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýasy bilen bilelikdäki kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar, şunda işleriň esasy möçberlerini “Türkmennebit” döwlet konserni ýerine ýetirer, geljekki maýa goýujy bolsa hyzmatlary ýerine ýetirer. Maýa goýum maksatnamasynyň birinji tapgyrynda Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň 15 müň inedördül metr çägini özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu taslamanyň çäginde amala aşyryljak işleriň 90 göterimi türkmen tarapynyň ýerine ýetirmeginde durmuşa geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň örän baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeler barada durup geçmek bilen, täze nebitgaz ýataklaryny, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmek işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, nebit çykaryjy hem-de nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we gaýtadan enjamlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri öndürýän gazy gaýtadan işleýän döwrebap toplumlaryň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ilkinji derejeli üns berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek, energetika ulgamynda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri halkara nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatynda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzir welaýatlaryň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg etmek — birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeleri ulanmak işleri geçirilýär.
Gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri tekizlmek işleri dowam edýär. Şeýle hem ýazky ekişe tehnikany we enjamlary taýýarlamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda bolsa ýokary hilli tohum taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Täze oba hojalyk möwsümine biokärhanalaryň 379-sy taýýar ediler, olar etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde işledilýär hem-de pagtaçylary ekologiýa taýdan arassa we ykdysady bähbitli gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan bioönümler bilen üpjün eder.

Wise-premýer ýurdumyzda gök-miwe we bakja önümleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatlarda ýeralma we beýleki gök-bakja önümlerini ýetişdirmek üçin ekin meýdanlary bölünip berilýär, ekişde zerur bolan tohum serişdelerini, oba hojalyk tehnikasyny we enjamlary taýýarlamak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, sürüm meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, olary suw bilen üpjün etmek meselelerine Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan obasenagat özgertmeleriniň möhüm ugry hökmünde aýratyn üns bermegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişi möwsümi başlanmazyndan ozal tehnikany öz wagtynda taýýarlamak we ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek meselelerini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýere obasenagat toplumynda we ekerançylyk pudagynda öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak babatynda anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynyň işleriniň ýagdaýy, olaryň önümçilik düzümini, şol sanda himiýa senagatyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, şol sanda şekilleri görkezmek arkaly Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Täze gazhimiýa toplumy Daniýanyň “Haldor Topsoe”, Italiýanyň “Saipem”, Niderlandlaryň “Uhde Fertilazer”, ABŞ-nyň “UOP” kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary we häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilýär.

Häzirki wagtda tassyklanan taslama laýyklykda gurluşyk-gurnama işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Zawodda işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň Garabogaz şäherindäki bölüminde 287 hünärmen taýýarlanylýar. Talyplar önümçilik tejribeligini konserniň “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynda geçýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gazhimiýa pudagyny we tutuş Türkmenistanyň ykdysadyýetini okgunly ösdürmek üçin karbamid öndürýän täze zawody gurmak baradaky ägirt uly taslamanyň ähmiýetini belledi. Bu taslama ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyndan has doly peýdalanmaga, daşary ýurtlara iberilýän senagat önümleriniň, şol sanda bütin dünýäde uly isleg bildirilýän mineral dökünleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda hem-de bütin dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, dökünleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Täze desgalary ulanmaga bermegiň hem-de häzir işleýän desgalaryň durkuny täzelemegiň netijesinde, geljekde bu senagat pudagy ägirt uly ykdysady peýda getirer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iri senagat desgalaryny gurmaga hem-de enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesiniň toplanandygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa pudagynyň kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ulgamda gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat derdi.

Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň meýilnamasyna hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, abadanlaşdyrmak, jaýlaryň daşky görnüşlerini, inžener-tehniki ulgamlary abatlamak, ýurdumyzyň baş şäherini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça iri möçberli işler dowam etdirilýär. Paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek baradaky meýilnama laýyklykda, umumy uzynlygy 46 kilometr bolan köçeleriň 18-sinde abatlaýyş işleri geçirildi, ýerüsti geçelgeleriň 15-si we ýerasty geçelgeleriň 30-sy guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere nägilelik bildirdi we meýilnamada bellenilen ähli işleriň ýokary hil derejesinde hem-de öz wagtynda tamamlanmalydygyna onuň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýerebirnäçe anyk tabşyryklary berdi.Hususan-da, şu ýylyň güýzünde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, türkmen paýtagtynyň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döretmek boýunça işleri güýçlendirmek, şäheriň köçeleriniň arassalygyna we abadançylygyna hem-de yşyklandyrylyşyna berk gözegçiligi amala aşyrmak babatda görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlarda ýerlenmegi boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň ugurlary hakynda hasabat berdi. Türkmenistanda öndürilýän önümlere daşary ýurtlarda bildirilýän islegler ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Şunda ýurdumyzyň ýokary hilli harytlary halkara bazarlardaky ornuny barha pugtalandyrýar.

Ýurdumyzda öndürilen harytlar daşary ýurt bazarynda ýerlenende söwdanyň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermek maksady bilen, harytlaryň Türkmenistanda öndürilendigini alamatlandyrýan güwänamalar berilýär. Halkara düzgünnamalaryna we Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy namalara laýyklykda, bellenilen nusgalar boýunça şahadatnamalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny, ýurdumyzyň harytlarynyň eksport ugurlarynyň giňeldilmegini nazara almak bilen, halkara söwda ulgamynda ulanylýan umumy nusga boýunça güwänamalary bermek barada teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň söwda-senagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, Türkmenistanyň önüm öndürijileri üçin has amatly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary we gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek hem-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Demir ýol ulaglary ministrliginiň guramaçylyk düzümini halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen, onuň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada-da habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň köpugurly hem-de bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn üns berýändigini aýdyp, wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek meselesine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýetiniň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň öňünde düzümiň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak babatda goşmaça talaplary bildirýändigini belläp, ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz demir ýol toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen guramaçylyk çäreleriniň geçirilmelidigi barada aýdyp, hojalygy ýöretmegiň hem-de dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýanwar aýynda boljak şanly wakalara we senelere bagyşlanan çärelere, durmuş- medeni ähmiýetli desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

1-nji ýanwardan 10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Gökderedäki çagalar sagaldyş –dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasyndan gelen sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär. Şu aýyň dowamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli meýletinçi talyplaryň gatnaşmagynda birnäçe çäreler hem-de Türkmenistanyň açyk çempionatlaryny geçirmek meýilleşdirildi.

Şu aýyň medeni çäreleriniň hatarynda zehinli çagalara hem-de çagalar döredijilik toparlaryna Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bar. Şeýle hem Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-njy ýanwarda Hytaýyň tans we aýdymçy toparynyň çykyşlary bolar. 27-nji ýanwarda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň “Watan mukaddesligi” muzeýinde hem-de Goranmak ministrliginiň harby birikmelerinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda bina edilen täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilýän ýerlerinde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda çäreler bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny innowasion taýdan has-da ösdürmegiň, işlemegiň täze, döwrüň ruhuna hem-de tehniki ösüşe laýyk gelýän görnüşlerini we usullaryny tapmagyň, berkarar Watanymyzda bolup geçýän ähli beýik özgertmelere döredijilik taýdan akyl ýetirmegiň we Türkmenistanyň häzirki zaman gazananlarynyň giňden wagyz edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän ähli köpçülikleýin medeni çäreleriň ýokary hil derejesinde taýýarlanmalydygyny, raýat-watançylyk hem-de aň-düşünje ugurly bolmalydygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş—dynç alyş merkezlerinde wagtyny şadyýan geçirmegini guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň 14-sinde we welaýatlardaky bäş sany çagalar sagaldyş toplumlarynda mekdep okuwçylarynyň göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Häzirki döwürde Gökderede çagalaryň 3 müňden gowragy, welaýatlaryň merkezlerinde bolsa 1 müňden gowragy çaga dynç alýar. Mekdep okuwçylarynyň doly derejeli we netijeli dynç almagy üçin, ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri hem-de Sport baradaky döwlet komiteti we jemgyýetçilik guramalary bilelikde Aýazbabanyň we Garpamygyň täze ýyl baýramçylygyny, teatr we sirk artistleriniň, sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, ýaşajyk aýdymçylaryň çykyşlaryny, dürli oýunlary we bäsleşikleri özünde jemlenýän çäreleriň meýilnamasy durmuşa geçirilýär.

Şu günlerde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň arasynda täze ýyla bagyşlanan birnäçe döredijilik bäsleşikleri, amaly sport ýaryşlary, belli medeniýet işgärleri we türgenler bilen duşuşyklar, Saglynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli göreş, küşt, şaşka, düzzüm we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça merkezara ýaryşlar guralýar.

Şeýle hem çagalar paýtagtymyzyň gözel ýerleri we onuň muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanyşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaş nesilleriň ahlak, aň-bilim we beden taýýarlygy bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli bilim, aň-bilim taýdan ösüş, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri ruhunde terbiýelenilmeginiň, bedenterbiýäň, sport hereketine işjeň çekilmeginiň milletimiziň nurana geljeginiň binýady bolmagyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2017-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylan meýilnamasy barada hasabat berdi. Bu ägirt uly halkara ähmiýetli sport ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýurdumyzda giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň sport ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirildi we ýurdumyz soňky ýyllarda dünýäniň sport bileleşiginiň abraýly agzasyna öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyz sebitleýin, yklymara we dünýä derejesindäki geçirilýän sport ýaryşlarynyň merkezine öwrüldi. Türkmen türgenleri abraýly halkara bäsleşiklerinde ýokary sylaglara mynasyp bolýar. Olaryň gazanýan medallarynyň sany ýyl-ýyldan artýar.

Aziada-2017-niň maglumat işiniň kämilleşdirilmiegi we onuň wagyz edilmegi boýunça alnyp baylýan çäreler taýýarlyk işleriniň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda beren tabşyryklaryndan we netijeli tekliplerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde degişli çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlady.

Meýilnamanyň mazmuny barada aýtmak bilen, wise-premýer Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşmagynda dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň häzirki döwri, onuň gazanýan üstünlikleri we ýeten derejesi, şeýle hem Aziada-2017-ä taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen çäreler toplumyny guramagyň meýilleşdirilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek oýunlaryň maglumat-diplomatik işleri boýunça bellenilen çäreleriň möhüm tapgyrlary kesgitlendi.

Munuň özi, birinjiden, dünýäde meşhur teleýaýlymlar bilen ýygjam aragatnaşyk saklamakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen Aziada-2017-ä bagyşlanan mahabat filmlerini, ýörite reportažlary we telegepleşikleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Ikinjiden, milli elektron habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň ulanmaly. Munuň üçin DIM-niň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň, beýleki döwlet edaralarynyň resmi Internet-saýtlarynda aýratyn sahypalary ýa-da bölümleri açmaly.

Halkara durmuş ulgamlarynyň mümkinçilitkleriniň peýdalanylmagy maksada laýyk bolar. Şeýle hem beýleki ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň we Halkara sport federasiýalarynyň web-saýtlarynda Aziada-2017-i hakynda maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Üçünjiden, Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyş çäreleriniň giňden wagyz edilmegine ähmiýet berilýär. Olary şu ýylyň fewral aýynda Ýaponiýada geçiriljek Gyşky Aziýa oýunlarynda we beýleki ýurtlarda geçiriljek ýryşlaryň barşynda guramak meýilleşdirildi.

Şeýle hem şol döwürde Aziada bagyşlanan sergileri we tanyşdyrylyş çärelerini daşary döwletlerde guramak meýilleşdirilýär.

Maksatnamalaýyn meýilgnamalaryň beýleki bölümlerinde Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlary, mediaforumlaryny we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Şeýle hem Aziada -2017-ä bagyşlanan dürli neşirler, birnäçe žurnallaryň we beýleki metbugat serişdeleriniň ýörite goýberişleri taýýarlanylar.

Bu meýilnamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlendi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbini we käbir tumarlaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bellenilişi ýaly, olar milli amaly-haşam sungatynyň däp bolan bezeg serişdeleri esasynda, ýöne häzirkizaman döredijilik ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanyldy. Aýratyn-da, Oýunlaryň resmi keşbinde türkmen halylarynyň belli nagyşlary, gölleri, lybaslaryň keşdeleri öz beýanyny tapdy.

Aziadanyň bezegli keşbinde häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gada urýan Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, halkymyzyň däp-dessurlary jemlendi. Bu ýerde Beýik Ýüpek ýoly boýunça türkmen sährasyndan geçip barýan söwda kerwenini, ak öýleriň, gadymy milli binagärlik ýadygärliklerini, häzirkizaman binalaryň şekillerini, pälwanlaryň, eli dutarly bagşylaryň, alabaýyň we ahalteke bedewiniň şekillerini görmek bolýar. Birnäçe bezeg bölümlerinde türkmen gawunlary, halylar we zergärçilik eserleri görünýär.

Oýunlaryň resmi keşbiniň reňkleri öz görnüşi boýunça tumary ýatladýar. Onuň reňkleri, gurluşynyň sazlaşygy şekilde geçmişden geljege bolan ösüşi alamatlandyrýar. Laçynyň açylan ganatlarynda güýç-kuwwat janlanýar. Ol keşbiň tutuş şekilinde duýulýar.

Tumarda esasan türkmen alabaýynyň şekili janlandyrylýar. Munuň özi alabaý itleriniň halkymyz üçin asyrlaryň dowamynda wepaly ýoldaş bolandygyny we häzirki döwürde hem olaryň tutuş dünýäde meşhurlygynyň artýandygyny alamatlandyrýar. Alabaýlar öz batyrlygy, wepalylygy, beden gurluşynda sagdyndygy bilen tapawutlanýarlar.

Ol Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi üçin mahabat we maliýe gymmatlyklarynyň pugta alamatlaryny özünde jemleýär. Tumar desgalaryň monitorlarynda we oýna tomaşa edýänleriň kitapçalarynda sportuň görnüşlerini beýan edýän usul hökmünde ulanylar. Şunlukda, Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň dowamynda tumar diňe bir sowgatlyk önümler görnüşinde bolman, olar dürli harytlaryň görnüşinde satuwa çykarylar, şeýle hem tumar arkaly sportuň görnüşleri janlandyrylar.

Aziada-2017 boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleriň we bu ugurda toplanan tejribeleriň ählisi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň maksadymyz öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we ägirt uly sport çärelerini geçirmekde hem-de ony maglumat-mahabat bilen üpjün etmekde täzeçil çözgütleri ornaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi. “Aziada-2017-niň” taslamasy milli telewideniýämizi, türkmen Internet-žurnalistikasyny ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini artdyrmak, ähli ýaýlymlar boýunça ýurdumyz baradaky maglumatlary ýaýratmak, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Oýunlary wagyz etmekde ýurdumyzyň ajaýyp keşbini, köpöwüşginli medeniýetini, halkymyzyň myhmansöýerligini we tutuş dünýä üçin açyklygyny, ähli ugamlarlda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýarlygyny görkezmek has-da zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ony Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde görkezilmelidigini, olaryň täsrliligini ýokarlandyrmagyň, diňe bir ýurdumyzyň sport ulamy üçin däl, eýsem döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryndaky başlangyçlarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelemelidigini tabşyrdy. Munuň öhi durmuş we ykdysady pudaklardan başlap, sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylyk döredijilikli syýasatymyza çenli bolan ugurlary öz içine almalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýüzlenip, türkmen halkynyň Täze ýyl baýramyny ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda agzybir, şatlykly geçirendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk günleri nobatçylyk edip, halkymyzyň bu baýramy ýokary derejede we asuda ýagdaýda belläp geçmegini üpjün eden adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikler, Berkarar Watanymyzyňhalkyna bolsa Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda abadançylyk we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Paýtagtymyz Boýunça Iş Saparyny Amala Aşyrdy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Karimowa Gutlag Hatyny Iberdi

syrach

PREZIDENTIMIZIŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY.

syrach