01.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Gyzlar Futboly Saýlap Alýarlar

Türkmenistanda sportuň futbol görnüşini gyzlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmak üçin yzygiderli iş alnyp barylýar. Bu bolsa futbol oýnamaga höwesek we ukyply gyzlary ýüze çykarmak işini ilerledýär. Çünki Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň guramagynda gyzlaryň arasynda milli çempionatyň we kubok ýaryşynyň geçirilip durulýandygy, elbetde, gyzlaryň futbola bolan höwesini artdyrýar.

Milli ýygyndymyzyň geljegini nazarlap, şu günlerden okuwçy gyzlary futbola çekmek boýunça tagalla edilýär. Türkmenistanyň zenanlar futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Kamil Aleksandrowiç Mingazow (+99365 462175) milli futbol federasiýamyzyň goldamagynda 6-13 ýaşly gyzlary futbola çekmek boýunça degişli işleri alyp barýandygyny gürrüň berýär.

Şeýlelikde, gyzlaryň heniz okuwçy wagtynda futboly saýlap almagyna mümkinçilik döredilýär. Şol bir wagtyň özünde tejribeli tälimçiler türkmenistanly gyzlaryň futbol ýaryşlaryna işeňňir gatnaşmagyna özleriniň goşantlaryny goşýarlar.

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistan Fotosuratlary 27

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze Saýlanan Prezidentiniň Resmi Taýdan Işe Girişmek Dabarasy Mynasybetli Dabaraly Harby Ýörüş Kabul Etdi

Iň Güýçli Türgenler, Şol Sanda Daşouguzly Pälwanlar Aziada-2017-de Ýurdumyza Wekilçilik Etmek Ugrunda Bäsleşýärler