18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

XI Sport Ýaryşlarynyň Ýapylyş Dabarasy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de professor mugallymlarynyň, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň hem-de Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI sport ýaryşlary geçirildi.

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýapylyş dabarasy boldy. Sport ýaryşlarynyň jemleýji netijeleri boýunça ýeňijiler belli edildi.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda

I orun: Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary

II orun: Mary welaýatynyň ýygyndy topary

III orun: Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary

Türkmenistanyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary

I orun: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik  ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň topary

II orun: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň topary

III orun: Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat «Energetika» orta hünär okuw mekdebiniň topary

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary

I orun: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport  institutynyň topary

II orun: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary

III orun: Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary

I orun: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport  institutynyň topary

II orun: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary

III orun: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary

Paýtagtymyzyň dürli ýaşdaky tans toparlarynyň we aýdymçylarynyň türkmen sportuny wasp edýän aýdymdyr sazlary bilen bezelen bu dabaranyň barşynda ýeňiji toparlara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň sowgatlary gowşuryldy.

Muhammetmekan KAKYŞOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Utgaşykly Dolanyşykda Işlejek Täze Elektrik Stansiýa Üçin Hünärmenler Öňdebaryjy Tejribä Laýyklykda Taýýarlanylar

Mahmud Abbas Hytaýda resmi saparda bolýar.

syrach

Ýylyň Parlak Ýyldyzy 2016

turkmenhabargullugy