17.8 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Köpetdag II” Üçünji Orna Geçdi

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýedinji tapgyryna badalga berlip, onda “Köpetdagyň” ýaşlar düzümi Marynyň “Merw II” toparyny kabul etdi. Soňky oýunda uly hasap bilen ýeňiş gazanan paýtagtymyzyň topary bu duşuşykda hem ynamly ýeňiş gazandy – 3:0.

“Köpetdag II” topary gazanan ýeňşinden soň ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçmegi başardy.

Ýedinji tapgyryň duşuşyklary 8-nji maýda “Nebitçi II” – “Altyn Asyr II” hem-de “Energetik II” – “Şagadam II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam eder.

Bu tapgyrda “Aşgabat II” hem-de “Ahal II” toparlarynyň arasyndaky geçirilmeli duşuşyk 16-njy iýuna süýşürildi.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

“Köpetdag II” – “Merw II” – 3:0

Gollar: 9 Anton Maksimow (“Merw II”, öz derwezesine), 22, 54 Baýramham Kadyrow (“Köpetdag II”)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanly Türgenler 9-njy Gününde 206 Medal Gazandy

Esasy Täze ýyl dabarasy Älem Medeni dynç alyş merkezinde geçiriler.

syrach

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach