27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Islegiň Artmagyna Umyt Etmegiň Çäklerinde Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler aradan aýrylan wagtynda islegiň artmagyna umyt etmegiň çäklerinde sişenbe güni söwdalaryň barşynda nebitiň bahalary ynamly ýokarlanýar, diýip Interfaks habar berýär.

Amerikanyň Kuşing terminalynda nebit ätiýaçlyklarynyň artmagy barada habar beren Genscape kompaniýasynyň maglumatlary hem bahalara goldaw berdi. Bu terminalda NYMEX biržasynda satylýan 1,8 mln barrel nebit saklanýar. Eger-de çarşenbe güni resmi maglumatlar degişli sanlary görkezse, onda bu mart aýyndan bäri iň az ösüş bolar, diýip Bloomberg ýazýar.

«Brent» söwda belgili nebitiň iýul aýyndaky fýuçersleriniň bahasy deslapky söwdalar bilen deňeşdireniňde, 3,9 göterim ýokarlanyp, 28,26 dollara deň boldy. Duşenbe güni söwdalaryň netijeleri boýunça iýul aýynyň fýuçersleri 2,9 göterim gymmatlap, 27,2 dollara deň boldy.

«WTI» nebitiniň iýun aýy üçin fýuçersleri 6,03 göterim ýokarlanyp, 21,62 dollara deň boldy. deslapky söwdalarda ol 3,1 göterim ýokarlanyp, 20,39 dollara ýetipdi.

Şeýle hem bazarlaryň ençemesinde islegiň pese düşmegi ýetjek derejesine ýetendigi hem ýagdaýlaryň gowulanmagyna täsir edýär, ýöne teklibiň artykmaçlygyny aradan aýyrmak üçin belli bir wagt gerek bolar. Oversea-Chinese Banking Corp. Kompaniýasynyň ykdysatçysynyň pikirine görä, nebit bazary üçin iň ýaramaz hadysalaryň yzda galandygyna garamazdan, onuň ösmegi üçin heniz hereketlendirijiler ýok.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Dabarasy Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň Gününe Bagyşlanyp Sport Ýaryşlar Geçirildi