15.9 C
Aşkabat
06.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Bilýard Sporty Boýunça Türkmenistanyň Çempionaty Geçiriler

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary bilen, bilýard sporty boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasy habar berýär.
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda badalga beriljek bu ýaryş, Aşgabat şäheriniň «Älemgoşar» bilýard merkezinde guralar. Türkmenistanyň çempionatyna welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we bilýard federasiýasynyň türgenleri gatnaşarlar. Ýaryşda türgenler bilýard sportunyň «Erkin piramida» görnüşi boýunça ýaryşarlar.
Ýaryşda ýeňiji bolan türgenler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasynyň sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Mämmetguly MÄMMETGULYÝEW,

TDBSI-niň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby

çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Ahal we Istiklol

syrach

Daşary Ýurtlaryň Esasy Ýokary Okuw Mekdeplerinde Okamaga Dalaşgärler Saýlanylýar

Türkmenistanda Gowaça Ekişi Başlandy

turkmenhabargullugy