17.8 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Nebitçi” “Altyn Asyrdan”, “Şagadam” Bolsa “Energetikden Üstün Çykdylar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi.

Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçirilen duşuşykda ýerli “Nebitçi” paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşi Balkanabadyň toparyna toplan alty utugy bilen ýaryş tertibinde 7-nji orna geçmegine mümkinçilik berdi.

Maryda “Energetik” bilen “Şagadam” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda myhmanlar 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Yhlas Magtymowyň golundan soň 3 utuk toplan “Şagadam” ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçdi.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Aşgabat” – “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşk 17-nji iýuna süýşürildi.

Futbol çempionatymyzyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji hem-de 14-nji maýda geçirilip, onda “Aşgabat” – “Şagadam”, “Merw” – “Altyn Asyr”, “Nebitçi” – “Ahal” hem-de “Energetik” – “Köpetdag” toparlary duşuşarlar.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 1:0

Gol: 14 Merdan Gurbanow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 65 Merdan Gurbanow, 81 Wekil Kadyrow (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: A. Begnazarow (Mary ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

 

 “Energetik” – “Şagadam” – 0:1

Gol: 70 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 10 Begli Meredow (“Energetik”) – 4 Bagtyýar Hojaahmedow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “AHAL” FK 6 5 0 1 11-2 15
2. “ALTYN ASYR” FK 7 3 3 1 11-6 12
3. “ŞAGADAM” FK 7 3 2 2 4-4 11
4. “KÖPETDAG” FK 7 3 2 2 6-4 11
5. “AŞGABAT” FK 6 3 1 2 8-7 10
6. “MERW” FK 7 2 0 5 4-10 6
7. “NEBITÇI” FK 7 2 0 5 5-12 6
8. “ENERGETIK” FK 7 1 2 4 3-7 5

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Jemgyýetçilik Ösüşiniň Bähbidine Ylmyň we İşewürligiň Hyzmatdaşlygy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Täze Köprüler Sebit Hyzmatdaşlygynyň Gerimini Giňelder

Yzgantda Sambo Boýunça Jemleýji Duşuşyk Geçirildi

syrach