21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmen paýtagtynda guşakly göreş.

Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan Türkmenistan halkara derejesinde, şol sanda sport hereketinde hem özüni barha we barha ynamly äşgär edýär. Muňa Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi subutnamadyr. Şu ýylyň iýulynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň tapgyrlarynyň biri geçirildi. Ine, bu gün Türkmenistan ilkinji ýene-de bir iri ýaryşlary—zenanlaryň we erkekleriň arasynda erkin we nusgawy görnüşlerde guşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionatyny, şeýle hem türkmen milli göreşi boýunça ilkinji dünýä çempionatyny geçirýär. 

Türkmenistanda bu iri sport çäresini guramaga aýratyn buýsanç duýgusy we uly jogapkärçilik bilen çemeleşildi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň uly tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we ýokary hünärli türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, ýurdumyzda halkara ýaryşlaryny guramak arkaly sport ulgamyny höweslendirmek, şeýle hem ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmak maksatlary bilen Aşgabatda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda ýörite Karary kabul etdi. 



Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolup geçen mejlisinde milli Liderimiz guşakly göreş we göreş boýunça dünýä çempionatynyň Aziýada-2017-iniň öňýanynda halkara derejesindäki iri ýaryşlary geçirmek boýunça tejribäni artdyrmak babatda synag ýaryşy bolmagyna hem gönükdirilendigini belledi. Şoňa görä-de onuň derejesi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň möçberine laýyk gelip, halkara sportunda Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir. 

Dünýäniň dürli halklarynyň taryhynda guşakly göreş uzak wagtlap milli baýramçylyklar geçirilende diňe milli gyzyklanma bolup geldi. Diňe 21-nji asyrda guşakly göreşiň Halkara assosiasiýasy (IBWA) döredilenden soň, başa baş göreşiň bu görnüşi sportuň özbaşdak görüşi hökmünde ösüşe eýe boldy. Häzir bu assosiasiýasy öz düzüminde 70 ýurduň milli federasiýasynyň birleşdirýär. 

2014-nji ýylyň dünýä çempionatynyň açylmagynyň öňýanynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda IBWA-nyň ýerine Ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirildi. Onda Aşgabadyň guşakly göreşi ösdürmekdäki aýratyn hyzmatlarynyň nyşany hökmünde dünýä ýaryşyny geçirmäge saýlanyp alnandygy nygtaldy. Muňa dünýä ýaryşlarynda biziň watandaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri ajaýyp subutnama bolup durýar. 



Geçen ýyl guşakly göreş boýunça türkmen ussatlary Kazanda (Russiýa) geçirilen XXVII Bütindünýä tomusky uniwersiadada medallaryň 11-sini, olaryň ikisi altyn, üçüsi-kümüş we altysy-bürünç medallary gazandylar. Şu ýyl 20 ýaşa çenli bolan ýetginjekleriň arasynda Ulýanowskde (Russiýa) geçirilen dünýä ýaryşynda biziň toparymyzyň gazananlarynyň üsti 9 medal (“altyn”, “kümüş” we “bürünç” madallaryň hersinden üçüsi), bir aý mundan ozal Stambulda geçirilen söweş sungaty boýunça Bütindünýä festiwalynda bolsa medallaryň on ikisi bilen, olaryň 11-si altyn we diňe 1-i kümüş medal bilen üsti ýetirildi. Bu aýdylanlaryň ählisiniň üstüne guşakly göreş boýunça türkmen pälwanlarynyň umumytoparlaýyn dünýä sanawynda Russiýanyň toparyndan soň ikinji orny eýeleýändiklerini goşmak gerek. 

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy “Galkynyş” bedenterbiýe—sagaldyş toplumynda geçirildi. Bu ýerde üç günüň dowamynda dünýäniň iň güýçli palwanlary diýen at ugrunda türgenleriň 200 töweregi güýç synanyşar. Dabaraly ýöriş mukamynyň astynda ýaryşa gatnaşyjy toparlaryň 22-siniň baýdaklary çykarylýar. Guşakly göreşiň Halkara assosiaýasynyň prezidenti Ruslan Mahmudow hem-de Monakonyň knýazynyň sport boýunça geňeşçisi, sport ministri Žoel Buzu dünýä ýaryşyna gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. 



Olar çempionatyň guralyşyna ýokary baha berdiler we 2017-njiýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler. Aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki joşgunly aýdymlar we tanslar hem-de Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleriniň görkezme çykyşlary dabaranyň baýramçylyk ruhyny artdyrdy. 

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinde habar berişleri ýaly, Aşgabadyň dünýä çempionatynda oýunlaryň dört görnüşinde medallaryň 27 toplumy ugrunda bäsleşiler. Türkmenistan ýaryşyň guramaçysynyň hukuklarynda 53 adamdan (43 erkek we 10 zenan) ybarat toparlaryň ikisini çykardy. Dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde türkmen türgenleri birnäçe okuw–türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler, halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşdylar we ýurdumyzdaky dünýä çempionatyna oňat taýýarlyk ýagdaýynda geldiler. Muny ýaryşlaryň ilkinji güni hem tassyklady. Bu gün biziň watandaşlarymyz 16 medal (5 altyn, 6 kümüş we 5 bürünç) gazandylar. Olaryň ählisi guşakly göreşiň erkin görnüşinde gazanyldy. Ýaryşyň bu görnüşinde nusgawy görnüşindäkiden tapawutlylykda aýaklaryň kömegi bilen tilsimleri geçirmäge hem rugsat berilýär. 

Biziň türgenlerimiziň öz garşydaşlaryndan has üstünlikli çykyş edendigini agram derejeleriniň dokuzysyndan dördüsinde jemleýji tutluşyklara diňe türkmenistanlylaryň gatnaşandygy şaýatlyk edýär. Zenanlaryň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde “altyn” medal ugrunda göreşiň dürli görnüşlerinde özüniň köp sanly üstünlikleri bilen meşhur bolan, 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Bütindünýä Uniwersiadasynyň çempiony Gülbadam Babamyradowa we ýetginjekleriň arasynda (20 ýaşa çenli) şu ylyň dünýä çempiony Laçyn Badaglyýewa duşuşdylar. Has tejribeli G.Babamyradowanyň ussatlygy ýokary boldy. Ol Türkmenistana ýurdumyzdaky dünýä çemponatynyň ilkinji “altyn” medalyny getirdi. 

Jorasynyň bu altyn üstünligini gaýtalap, soňra Gülnara Haýytbaýewa (66 kilograma çenli) topardaky üstünligi dowam etdi. Ol duşuşygyň barşynda watandaşy Rano Uzakowadan 3:8 hasabynda ýeňlip barýarka, üstünden aşyryp arassa ýeňiş gazanmagy başardy. Wakalaryň şeýle öwrüminden soň, dünýäniň çempiony köp sanly janköýerleriň öňünde dartgynly duşuşykda gazanan ýeňşinden dörän şatlyk göz ýaşyny gizlemedi. 



Diňe türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçen final duşuşygynyň üçünjisi 62 kilogram agram derejesinde erkekleriň arasynda geçirildi. Onda ýetginjekleriň arasynda Astrahandaky 2011-nji ýylyň dünýä çempiony Tirkişgeldi Aýazow Begenç Ýagmyradowdan arassa ýeňiş gazandy. Şeýle final duşuşygynyň dördünjisi bolsa 100 kilograma çenli agram derejesinde geçirildi. Şonda Hoşgeldi Kanaýew bir utuk artykmaçlygy bilen 4:3 hasabynda Wepa Orazmyradowany ýeňdi. 

Ýokary derejeli baýragyň ýene birini biziň toparymyza Seýdi Batyrow (90 kilograma çenli) gazandy. Ol final duşuşygynyň 28-nji sekundynda Aýdos Kulmanbetowdan (Gazagystan) üstün çykyp, arassa ýeňiş gazandy. 

Zenanlaryň arasynda Laçyn Badaglyýewa (52 kg. çenli), Rano Uzakowa (66 kg. çenli), erkekleriň arasynda Begenç Ýagmurow (62 kg çenli), Garmämmet Şamämmedow (75 kg çenli), Annageldi Allakow (82 kg çenli), hem-de Wepa Orazmyradow (100 kg çenli) biziň toparymyzda kümüş baýragynyň eýeleri boldular. Mekan Berdiýew (68 kg çenli), Pirguly Gurbandurdyýew (75 kg çenli), Gylyç Jumaýew (82 kg çenli), Döwran Bekmyradow we Myrat Jumaýew (ikisi-de 100 kg-dan ýokary) bolsa bürünç medalyň eýesi boldy. 

22-nji noýabrda guşakly göreşiň nusgawy görnüşiniň wekilleri medallar ugrunda bäsleşerler, şeýle hem göreşiň erkin görnüşinde zenanlaryň agram derejeleriniň üçüsinde güýçlüler kesgitleniler. 

23-nji noýabrda, ýaryşlaryň jemleýji gününde bolsa türkmen milli göreşinde ilkinji dünýä çempionlary belli bolar.

Degişli makalalar

Talyplar Bedenterbiýe-Sagaldyş Çäreleriniň Bir Aýlygyna Işjeň Gatnaşýarlar

Ýaşlar Futbol Meýdanynda

turkmenhabargullugy

Ýerine Ýetiriji Komitet “Atos” Kompaniýasyny Aşgabat 2017-niň Resmi Hyzmatdaşy Diýip Yglan Etdi!