24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Agzalarynyň Umumy Ýygnagy

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagy geçirildi. Onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umumy ýygnakda şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy, oňa laýyklykda, D.Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine saýlanyldy.

Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini hemişe goldaýandygy, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. TDH

Degişli makalalar

İstanbul İl Göç İdaresi Müdürlüğü: Değerlendirme Süreciyle İlgili Açıklama..

Üstünlige Ýetmekden Ozalky Bir Ädim

turkmenhabargullugy

Türkmen Elektroenergetikasynyň Eksport Kuwwaty Artýar