09.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Paýtagtymyzyň Toparlary Jemleýji Bäsleşikde Çykyş Etmek Üçin Bäsleşerler

15-nji maýda birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň Aşgabat şäheriniň zolaklaýyn ýaryşyna badalga berler.

Toparlaryň altysynyň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşigiň birinji aýlawy 15-nji maý – 8-nji iýun aralygynda dowam eder.

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde geçirilýändigini bellemek gerek.

Birinjilikde ýeňiş gazanan toparlar şu ýylyň noýabrynda geçiriljek jemleýji ýaryşda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

 

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň Aşgabat şäheriniň zolaklaýyn ýaryşynyň SENENAMASY

(Merkezi zolak)

1. “Olimp” FT “Olimp” orta sport mekdebi
2. “Kerwen” FT Türkmenistanyň telekommunikasiýalary we informatika instituty (TTweII)
3. “Hasyl” FT S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti (TOHU)
4. “Binagär” FT Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
5. GOÝÇÝSM Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi
6. “Köpetdag” FT Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi

 

BIRINJI AÝLAW

I tapgyr:

15.05.2020 ý. (anna)
Oýun 1. “Olimp”–“Köpetdag”
Oýun 2. “Kerwen”–GOÝÇÝSM
Oýun 3. “Hasyl”–“Binagär”

 

II tapgyr:

20.05.2020 ý. (çarşenbe)
Oýun 4. “Köpetdag” –“Binagär”
Oýun 5. GOÝÇÝSM–“Hasyl”
Oýun 6. “Olimp”–“Kerwen”

 

III tapgyr:

29.05.2020 ý. (anna)

Oýun 7. “Kerwen” –“Köpetdag”
Oýun 8. “Hasyl” –“Olimp”
Oýun 9. “Binagär”– GOÝÇÝSM

 

IV tapgyr:

03.06.2020 ý. (çarşenbe)

Oýun 10. “Köpetdag” – GOÝÇÝSM
Oýun 11. “Olimp”– “Binagär”
Oýun 12. “Kerwen” –“Hasyl”

 

V tapgyr:

08.06.2020 ý. (duşenbe)

Oýun 13. “Hasyl”–“Köpetdag”
Oýun 14. “Binagär”–“Kerwen”
Oýun 15. GOÝÇÝSM –“Olimp”

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Behişdi Bedewlerimiz Bilen Sagdyn Durmuş Ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz Şäherleriň we Obalaryň Töwereginde Tokaý-Seýilgäh Zolagynyň Döredilmegini Işjeňleşdirmegi Tabşyrdy

Dubaýda Türkmenistanyň Nebitgaz Göçme Forumy Başlady

turkmenhabargullugy