Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda “Energetik” paýtagtymyzyň “Köpetdagyny” kabul etdi.
“Energetik” stadionynda geçirilen duşuşykda paýtagtymyzyň topary ynamly ýeňiş gazandy – 2:4. Şeýlelikde, “Köpetdag” 14 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçdi. 5 utugy bolan “Energetik” ýaryş tertibiniň soňky ornunda ornaşdy.
Ýeri gelende bellesek, 7 oýunda 18 utuk toplan “Ahal” ýaryş tertibinde birinji, 8 oýunda 15 utugy bolan “Altyn Asyr” bolsa ikinji orunlary eýeleýärler.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary 18-nji hem-de 19-njy maýda geçiriler: “Köpetdag” – “Aşgabat”, “Şagadam” – “Nebitçi”, “Energetik” – “Merw”, “Ahal” – “Altyn Asyr”.
Geçirilen duşuşygyň netijesi:
“Energetik” – “Köpetdag” – 2:4
Gollar: 84 Muhammet Astanow, 90+2 Parahat Jumanazarow (“Energetik”) – 2 Baýramgeldi Gulmaýew, 19 Şiri Annaýew, 29 Batyrgylyç Berdiýew, 34 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 86 Muhammet Astanow (“Energetik”) – 47 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Tomaşaçy sany: 2000
Çeşme: http://tff.com.tm/