11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

«Energetik II» «Nebitçi» Toparynyň Ýaşlar Düzüminden Üstün Çykdy

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň jemleýji oýnunda «Energetik II» topary öz meýdanynda Balkanabadyň «Nebitçisiniň» ýaşlar düzümini 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Häzirki wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soň 30 utuk toplan «Altyn Asyr II» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde 21 utukdan toplan «Nebitçi II» hem-de «Köpetdag II» toparlary eýeleýärler.

Futbol birinjiliginiň 12-nji tapgyrynda «Altyn Asyr II» – «Energetik II» (31.05.2020 ý.), «Nebitçi II» – «Aşgabat II» (31.05.2020 ý.), «Ahal II» – «Köpetdag II» (01.06.2020 ý.) hem-de «Merw II» – «Şagadam II» (03.06.2020 ý.) toparlary duşuşarlar.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

«Energetik II» – «Nebitçi II» – 4:2

Gollar: 57 Maksat Hojanyýazow, 66 (11 m,j.u.), 84 Rahym Seýidow, 76 Alikper Musaibow («Energetik») – 26, 79 Ýylgaýguly Abdyllaýew («Nebitçi II»)

Bellik: Oýnuň 87-nji minutynda «Nebitçi II» toparynyň oýunçysy Ýylgaýguly Abdyllaýew 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Tähranda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Dabaraly Çäreler

turkmenhabargullugy

“Serdar” Kärhanasynda Açylan Täze Bölüm Her Ýyl Işilen Nah Ýüplügiň 1300 Tonnasyny Öndürmäge Niýetlenendir

Türkmenistan Belarusyň Iri Habarlar Agentligi Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

turkmenhabargullugy