15.01.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

«e.gov.tm»: Elektron Hyzmatlar

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen ähli pudaklardyr edaralaryň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin ýörite internet sahypalary açyldy. Internet sahypalarynda ulanyjylara hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenmek bilen, ähli amallar elektron esasynda alnyp barylýar. Döwrebap elektron döwlet hyzmatlary hödürleýän «e.gov.tm» internet sahypasy bolsa, şeýle mümkinçilikleriň biridir. Bu internet sahypasynyň kömegi arkaly islendik raýat maglumat, aragatnaşyk we mahabat, bilim we medeniýet, saglyk, passport, registrasiýa, wiza, ulag we sürüjilik, pensiýa, kömek puly we tutumlar, maşgala we çagalar, sargytlar we maýalar, iş we işlilik, medeniýet, boş wagt, sport, telekeçilik, jemagat hojalygy birleşigi, karz edaralarynyň hyzmatlary, döwlet saýtlary ýaly hyzmatlardan peýdalanyp bilerler. Munuň üçin «e.gov.tm» internet sahypasyna agza bolmak zerurdyr.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Awtoýaryş Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşda Gazanylan Bürünç Medal

Özbegistan Eýrandan Nebit Önümlerini Almagyň Meselelerini Maslahatlaşýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä Iş Saparynda Boljak

syrach