22.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Şäherara we Welaýatara Awtobus Ugurlary Boýunça Täzelik

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “awtoulag.gov.tm” saýtynda şäherara we welaýatara awtobus ugurlary boýunça täzelik habar edildi.

Bu habarda hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar!

2021-nji ýylyň aprel aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de üç gezek Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat, Aşgabat – Mary we Mary – Aşgabat hem-de hepdede bir gezek Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldylandygy barada habar berýäris.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082

Degişli makalalar

Üns Beriň, Bäsleşik!

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk Binasyna Gül Goýmak Dabarasyna Gatnaşdy

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Däneçilik Hakynda