29 C
Aşkabat
11.05.2021
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

«Türkmenistan» Awiakompaniýasy Täze Promo Nyrhy (Stambul–Türkmenistan-157 USD)

Türkmenistan Howa Ýollary Habar Berýär:

«Türkmenistan» awiakompaniýasy diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin Promo nyrhyny wagtlaýyn ýola goýýar we ýolagçylaryň goşlaryny daşamak boýunça täze konsepsiýasyny hödürleýär!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy nyrhlaryny täzelemek bilen, uçuşlaryň başlangyç tapgyrynda ekonom klasynyň täze Promo «A» nyrhyny daşary ýurtda diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin 90% arzanladyş awiabiledini satuwlarda hödürleýär.

Awiabilediň bahasy ugruna baglydyr, şeýle hem oňa üýtgeşme girizilip bilner:

T/N Uçuşyň Ugry Nyrhy
1 Almaty – Türkmenistan 110 USD
2 Dubaý – Türkmenistan 143 USD
3 Abu Dabi – Türkmenistan 144 USD
4 Stambul – Türkmenistan 157 USD
5 Ankara – Türkmenistan 151 USD
6 Deli – Türkmenistan 152 USD
7 Amritsar – Türkmenistan 179 USD
8 Moskwa – Türkmenistan 150 USD
9 Sankt-Peterburg – Türkmenistan 165 USD
10 Kazan – Türkmenistan 135 USD
11 Minsk – Türkmenistan 148 USD
12 Pekin – Türkmenistan 158 USD
13 Bangkok – Türkmenistan 160 USD
14 London – Türkmenistan 277 USD
15 Birmingem – Türkmenistan 271 USD
16 Frankfurt – Türkmenistan 257 USD

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň 25-nji martyndan Agram konsepsiýasyndan (Weight Concept) Bölekleýin konsepsiýasyna (Piece Concept) wagtlaýyn geçer, bu bolsa klasyna degişli bellenen iň ýokary agramy bilen goşmaça ýene 1 (bir) sanydan ybarat bolan bagažy (ýa-da sumka/torba we ş.m.) kesgitlenen tölegi bilen alyp bilersiňiz, ýagny mugt bagaž ekonom klasy üçin 25 kg, biznes klasy üçin 40 kg, şol sanda el goşlary bilen. Klasyna laýyk kesgitlenen bagažyndan daşary galan goşlaryny, ýagny 1 (bir) sany goşuny(çemodan, sumka) 32 kilograma çenli belli bir kesgitlenen bahada 50 ABŞ dollaryndan 60 ABŞ dollaryna çenli tölener.

Almaty / Dubaý / Abu-Dabi – Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 50 ABŞ dollary;

Stambul / Ankara / Deli / Amritsar / Moskwa / Sankt-Peterburg / Kazan / Minsk / Pekin / Bangkok / London / Birmingem / Frankfurt – Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 60 ABŞ dollaryndan ybaratdyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Medeniýet Halkyň Kalbydyr

turkmenhabargullugy

Айри-баба – священная гора.

syrach

Abu-Dabi Ösüş Gaznasy Türkmenistanda Gazhimiýa Toplumynyň Gurluşygynyň Taslamasyny Maliýeleşdirmäge Gatnaşar