01.03.2026
TEHNOLOGİÝA

3G ula­ny­jy­la­ry art­ýar

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 3G hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň 1 mil­liard­dan ge­çen­di­gi, bu gör­ke­zi­ji­niň el te­le­fo­ny ula­ny­jy­la­ry­nyň 21 gö­te­ri­mi­ne ga­bat gel­ýän­di­gi ha­bar be­ril­di.Hü­när­men­le­riň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, 2014-nji ýyl­da 3G hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň 3 mil­liard­dan geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu dö­wür­de el te­le­fon­la­ry­nyň sa­ny­nyň has hem ýaý­baň­lan­jak­dy­gy, 2012-nji ýyl­da “akylly te­le­fon­la­ryň” sa­tu­wy­nyň komp­ýu­ter­ler­den has köp sa­tyl­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da 350 mil­li­on komp­ýu­ter, 250 mil­li­on “akılly te­le­fon” sa­ty­lar. Öňü­miz­däi ýyl­da bol­sa 430 mil­li­on komp­ýu­ter, 490 mil­li­on “akylly te­le­fon” müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler. Mag­lu­mat­lar soň­ky wagt­lar­da “akyl­ly te­le­fon­la­ry­nyň” sa­tu­wy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Te­le­fon­lar­da ara­gat­na­şy­gyň hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len hem­me ýer­de wi­deo­ly gep­le­şi­giň müm­kin bol­jak­dy­gy, in­ter­net hyz­mat­la­ryn­dan has köp peý­da­la­nyp bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Bu ýag­daý hu­susy eýe­çi­li­giň has hem ös­me­gi­ne ge­ti­rer di­ýip bel­le­nil­ýär.

referans: www.zamantm.com

Degişli makalalar

Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň Talyplary Halkara Bäsleşigiň „Robot Tehnikasy Babatda Iň Gowy Iş we Ösüş Üçin“ Diýen Baýragyny Eýelediler

Olimpiýa Şäherçesiniň Monorelsli Ýoly Sport Klasteriniň Sport we Infrastruktura Desgalaryny Birleşdirdi

Aziada-2017-niň Ulag Üpjünçiliginiň Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär