24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Dostlugyň we ruhubelentligiň baýramçylygynyň festiwaly

Şu gün deňiz ýakasyndaky şäherde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen başy başlanan Estrada aýdym-saz we tans toparlarynyň «Awaza-2010» atly halkara festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy.

Halkara festiwaly dünýäniň dürli döwletleriniň wekillerini birleşdirdi. Oňa gatnaşyjylarynyň hatarynda Awstriýadan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Moldowadan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Senegaldan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we başga ýurtlardan meşhur toparlar we artistler bar. Ýurdumyzyň iň oňat döredijilik toparlary, bu hormatly hukuga seçip alyş ýaryşlarynda mynasyp bolan aýdymçylar we sazandalara Türkmenistana wekilçilik edýär.

Türkmenistanda şular ýaly wekilçilikli döredijilik forumyň geçirilmegi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge uly hem-de çynlakaý üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli reformatorçylyk işi netijesinde täze Galkynyş eýýamynda türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny baýlaşdyrmak, zehinleri hemmetaraplaýyn ösdürmek, köp taraply halkara ylmy we medeni alyş-çalyşy ýola goýmak üçin giň sepgitler we mümkinçilikler açyldy.

Milletiň Lideri medeniýet babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen döredijilik gözden geçirişleriniň, daşary ýurtlarda abraýly festiwallara we konkurslara Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň işjeň gatnaşmagynyň başyny başlaýjy bolup işjeň çykyş edýär.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etjek, planetamyzyň dürli künjeklerinden gelen wekilleriň arasynda dostluk hem-de döredijilik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek, häzirki zaman aýdym-saz we tans sungatyny ösdürmegi höweslendirjek häzirki Estrada aýdym-saz we tans toparlyrynyň «Awaza-2010» atly halkara festiwaly bu ugurda nobatdaky ädimdir.

Şeýlelikde, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary dünýäniň dürli halklarynyň medeni däpleri, dürli çeperçilik toparlarynyň we aýdymçylaryň aýdyň döredijilik işleri bilen ýakyndan tanyşmaga oňat mümkinçilik aldylar.

Deňiz ýakasyndaky şäher baýramçylyk lybasyna bezelipdir, hemme ýerde festiwalyň nyşanlary bar, oňa gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözleri ýazylypdyr. Soňky ýyllarda Türkmenbaşy şäheri mese-mälim özgerdi, täze häzirkizaman binalary, medeni-durmuş maksatly desgalar guruldy. Bir söz bilen aýdylanda bu şypahana şäheri gözüň alnynda iri medeni we dynç alyş merkezine, abraýly medeni forumlaryň, sebitleýin halkara derejesindäki çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýär.

Ine şu gün hem bu ýerde ajaýyp, şatlyga beslenen, köp owazly we köp dilli döredijilik baýramçylygy ýaýbaňlandy, ol Türkmenbaşy şäheriniň köp sanly ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Ruhyýet köşgüniň ajaýyp konsert zalyna ýygnady. Bu ýerde ýurdumyzyň meşhur ansambllary, şöhrat gazanan tans toparlary, halk saz gurallary orkestrleri bar.

Sahnada oňa gatnaşyjylaryň ýörişinde aýdyň festiwal ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere ýygnananlar tarapyndan mähirli garşylanýan festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň ähli wekilleri tomaşaçylaryň öňünden geçýärler. Festiwalyň ýer eýelerine gutlaglar dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanýar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ägirt uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutany Estrada aýdym-saz we tans toparlarynyň «Awaza-2010» atly halkara festiwalyna gatnaşyjylary festiwalyň açylyşy bilen mähirli gutlap, döredijilik forumynyň dünýäniň halklarynyň dürli medeniýetlerini ýakynlaşdyrmak işine aýratyn we möhüm goşandyny nygtady.

«Pederlerimiziň müňýyllyklaryň synagyndan geçen ýörelgelerinden ugur alyp, ýaş aýdymçy-sazandalarymyzyň kämil bilimli, giň gözetimli, parahatçylyga, agzybirlige, dost-doganlyga çuň hormat goýýan ussatlar bolup ýetişmegine biz bu gün-täze Galkynyş zamanasynda aýratyn ähmiýet berýäris. Medeniýetimiziň, milli aýdym-saz sungatymyzyň kämilleşmegi we hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli zerur şertleri döredýäris. Ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärlerini ýakyndan goldamak, olaryň uly joşgun hem-de yhlas bilen işlemegi üçin zerur şertleri döretmek barada türkmen döwleti hemişe-de alada eder» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen garşylandy.

Halkara festiwalynyň dabaraly açylyşy oňa gatnaşyjylaryň bilelikdäki ilkinji uly konserti bilen tamamlandy.

Artistleriň ýerine ýetirmeginde dünýäniň dürli halklarynyň mukamlary we aýdymlary tüýs ýürekden hem-de täsirli ýaňlandy, özüne çekiji milli tanslar ýerine ýetirildi. Festiwala iň ýaş gatnaşyjy dokuz ýaşly russiýaly Amina Muradowanyň «Salam, dünýä» atly aýdymy, Wenanyň akademiki wokalynyň ýaş nesliniň aýdyň wekili Andreas Ýankowiçiň çykyşlary, Hindistandan, Senegaldan, Koreýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan gelen ýerine ýetirijileriň aýdym-saz-tans kompozisiýalary baýramçylyk agşamynyň hakyky bezegi boldy.

Ýerine ýetiriş medeniýetiniň ýokary derejesi, saz kompozisiýasynyň özboluşly häzirkizaman bezegi we ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň artistleriniň özboluşly ýerine ýetirijilik başarnyklary zaly dolduranlaryň şowhunly el çarpyşmalaryny döredip, tomaşaçylar tarapyndan mynasyp baha berildi.

Biziň ýurdumyzyň öňden gelýän dosty bolan, özüniň meşhur we täze aýdymlaryny ýerine ýetiren aýdymçy Diana Gurskaýanyň çykyşy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy.

Konserte gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen gadymy we meşhur küştdepdi tansy baýramçylygyň hakyky bezegi boldy.

Ertir Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary halkara festiwalynyň konsert programmasy bilen tanyşmaklaryny dowam etdirip bilerler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

T.C İstanbul Valiliği İl Göç İdaresi Müdürlüğü: İkamet İle İlgili İşlem Ve Sorularınız İçin Online Çözüm!

turkmenhabargullugy

Nebit OPEC-iň Duşuşygyndaky Kesgitsizlik Sebäpli Arzanlamagyny Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-Gubernatoryna Gynanç Bildirdi