10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
YKDYSADYÝET

AZERBAÝJAN BP FIRMASY BILEN HAZAR DEÑZINDE NEBIT WE TEBIGY GAZ GÖZLÄR

Azerbaýjanyñ döwlet eýeçiligindäki nebit gaz firmasy bilen iñlis BP firmasy Hazar deñzinde nebit we tebigy gaz gözlär.

Mesele bilen baglanşykly şertnama Azerbaýjanyñ nebit gaz firmasynyñ başlygy Röwneg Abdullaýew bilen iñlis BP firmasynyñ başlygy Robert Dudleý gol çekdi.

Dudleý gol çekişlik dabarasynda eden çykyşynda ösen tehnalogiýa bilen tejribelerini Azerbaýjanyñ mümkinçiligi bilen birleşdirip Hazar deñzinde täze känleri tapjakdyklaryna ynanýandyklaryny aýtdy.

Abdullaýew hem BP bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Şertnama laýyklykda şärikler Hazar deñziniñ Azerbaýjana degişşi bolan Şefek-Asiman känlerinde 4 ýylyñ dowamynda barlag işini geçirer.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Owadandepedäki Aýna Önümleri Kärhanasynda Täze Seh Gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysadyýeti Ösdürmek Boýunça Maslahat Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Döwlet Bilen Halkyň Jebisligi Eziz Diýarymyzyň Rowaçlygydyr

turkmenhabargullugy