04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň 9 aýyndaky jemlerine, şeýle hem möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy. Mejlise gatnaşmak üçin welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Milletiň Lideri mejlisi açyp we onuň gün tertibine girizilen meseleleriň derwaýysdygyny nygtap, halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky ýagdaýy içgin seljermek we oňa baha bermek, şunuň bilen birlikde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek möhümdir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetiň öňe gitmeginde we halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynda ylmyň uly ornunyň we möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, islendik ýurduň, islendik döwletiň netijeli ösmeginiň esasynda milletiň aň taýdan ösmäge bolan ukyby durýar diýip nygtady.

Şu hakykatdan ugur alyp, biz Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Bu özgertmeler, ilkinji nobatda, ylym we bilim ulgamyny öz içine alýar. Bu ulgama bilim bermegiň ýokary ölçeglerini ornaşdyrmak, düýpli we amaly ylmy-barlaglary goldamak hem-de höweslendirmek, ähli okuw mekdeplerini we ylmy merkezleri kompýuterler bilen üpjün etmek, Internet ulgamyny ösdürmek, ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek biziň bu ugurda amala aşyrýan döwlet syýasatymyzyň düýp mazmuny bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, alymlar we ylmy-barlag işlerini alyp barýan beýleki işgärler özleriniň Russiýadaky, Ýewropa, Amerika we Aziýa ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýarlar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara hem-de ýörite ylmy-amaly maslahatlar, ylmy ösdürmek bilen bagly beýleki çäreler hem özara peýdaly tejribe alyşmaga, öňdebaryjy ylmy usullary giňden ulanmaga ýardam berýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işlere geçirilen seljerme bu ugurda edilýän tagallalaryň entek ýeterlik däldigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ylmy-barlaglary geçirýän pudaklaýyn institutlaryň, ylym bilen meşgullanýan uniwersitetleriň we beýleki okuw mekdepleriniň ählisi diýen ýaly biri-birinden üzňe, özbaşdak işleýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmy, inżenerçilik-tehniki mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin görüljek çäreler barada durup geçdi. Hususan-da, gürrüň hökümetiň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, täze tehnologiýalar we innowasiýalar meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada barýar.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki günüň esasy wezipesi diňe bir düýpli we amaly ylmy-barlaglary işjeňleşdirmekden däl, eýsem tejribä geljegi uly ylmy işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary, dürli innowasiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, onda bellenen çäreler döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynda uly progresi üpjün etmäge gönükdirilendir diýip nygtady. Mundan başga-da, biz ýakyn wagtda ýurdumyzda ylmy ösdürmek üçin goýulýan maýa goýumlarynyň möçberini ep-esli artdyrmagy göz öňünde tutýarys diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen G.Mezilow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylmy ulgama, şol sanda ýurdumyzyň ähli ylmy-barlag edaralarynyň işine gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň beýleki meselelerine geçip, wise-premýerler H.Saparlyýewe we T.Japarowa ýurdumyzda Maliýe institutyny we Maliýe-ykdysady orta hünär mekdebini döretmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Şeýle okuw mekdepleriniň döredilmegi bize maliýe, bank we salgyt gullugynyň işgärlerini, ätiýaçlandyrma işi boýunça hünärmenleri, şeýle hem maliýe we bank ulgamynda beýleki ugurlar boýunça işlejek ýokary we orta bilimli ökde hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wezipelere bellemek baradaky degişli resminamalara gol çekdi.

Şeýlelikde, M.Şamuhammedow Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin G.Hangulyýew Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä öň ministriň orunbsasary bolup işlän S.Berkeliýewi belledi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin N.Muhammedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy. D.Mommaýew şu konserniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edip bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarow şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri, şeýle hem ykdysady ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler we ýurdumyzyň oba ýerlerini özgertmek baradaky maksatnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, makroykdysady görkezijiler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwrüniň netijeleri boýunça ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 105,7 göterime barabar boldy. Şeýle ösüş esasan hem gurluşyk pudagynyň, ulag we aragatnaşyk, söwda we hyzmatlar ulgamynyň, şeýle hem oba hojalygynyň üstünlikli işlemeginiň hasabyna gazanyldy.

Şeýle hem T.Japarow 2010-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistanda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň görkezijisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 26,4 göterim ýokarlanandygyny habar berdi.

Şu ýylyň 9 aýynda bölek söwda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 116,7 göterime barabar boldy.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň öň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, «Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylan işler barada hasabat berdi. Bu resminama giň möçberli ýaşaýyş jaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolmalydyr.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol jemi içerki önümiň gyşarnyksyz ösýändigini belläp, ýangyç-energetika toplumynda, gaýtadan işleýän senagatda, oba hojalygynda, elektroenergetikada, himiýa we azyk senagatynda, gurluşyk materiallary senagatynda oňat görkezijileriň gazanylandygyny nygtady.

Türkmenistanyň maliýe ministri A.Goçyýew şu ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ol, hususan-da, döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 110,7 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 94,7 göterime barabar bolandygyny aýtdy. Zähmet haklary, pensiýalar, kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde tölenýär. Çykdajylaryň 75,5 göterimden gowragynyň döwletiň durmuş syýasatyny amala aşyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Gökleňow tebigy gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň, himiýa önümleriniň, elektrik energiýasynyň, dokma önümleriniň eksportundan gelip gowşan serişdeleriň artandygyny habar berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda harytlaryň we hyzmatlaryň eksportundan ýurdumyza gelip gowşan serişdeler bellenilen meýilnamadan 35,4 göterim artdy.

Merkezi bankyň başlygy şeýle hem milli pulumyzyň durnukly hümmetini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler we ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B. Hojamämmedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ministriň belleýşi ýaly, şu maksatnamanyň çäklerinde 2010-njy ýylyň 9 aýynda özleşdirilen maýa goýumlarynyň ýyllyk meýilnamasy 107,3 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy we durkuny täzelemek işleri dowam edýär, häzirki zaman inżenerçilik-tehniki infrastruktura kemala gelýär, ilata ýeňillikli karz bermegiň gerimi giňelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, umuman, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginlerine kanagatlanma bildirdi we milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegini we örän wajyp döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Baş ugruny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatdaş ýurtlar bilen dostlukly we konstruktiw gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda uly ähmiýete eýe bolan daşary ýurt saparlarynyň ençemesiniň bolandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetiniň köp sanlysy ýurdumyza sapar bilen geldi. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlarynyň işi özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän biznes-forumlar ýaly, bu toparlar hem özlerini işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli mehanizmi hökmünde görkezdiler.

Birleşen Milletler Guramasy bilen däbe öwrülen özara gatnaşyklar täze ösüşe eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisiniň belent münberinden çykyş edip, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgelerini beýan etdi, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge gönükdirilen täze konstruktiw başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi.

Şunda DIM-iň ýolbaşçysy daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we giňeltmäge gyzyklanmasynyň artýandygy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan we bütin dünýäde ykrar edilen öňden görüjilikli daşary syýasat ugry bilen şertlendirilendir diýip nygtady. Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde özüniň statusyny has-da berkidendigi bellenildi. Aşgabatda geçirilen wekilçilikli forumlaryň ençemesi, şol sanda BMG-niň howandarlygynda guralan ýaragsyzlanmak boýunça Merkezi Aziýa we Hazar basseýniniň döwletleriniň halkara maslahaty munuň aýdyň subutnamasydyr.

Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Katar döwletine boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda türkmen wekiliýetiniň ABŞ-niň Nýu-Ýork şäherinde saparda bolandygyny we ol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşandygyny aýdyp, häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň wekilleri döwrüň örän möhüm meselelerini—müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, adam hukuklaryny goramak, ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli utgaşdyrmak, ýaragsyzlanmak, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we halkara terrorçylygyna garşy göreşmek baradaky, şeýle hem beýleki birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar diýip belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan Bitarap ýurt hökmünde öz hukuk ýagdaýyna buýsanç we uly jogapkärçilik bilen garaýar hem-de bellenip geçilen meseleleriň ählisine hemişe aýratyn üns berýär we olary ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Birleşen Milletler Guramasynyň amala aşyrýan işlerine hemme taraplaýyn goldaw bermek, onuň edaralary bilen giň möçberli hyzmatdaşlyk etmek hem-de bu abraýly Guramanyň kabul eden çözgütlerini we Rezolýusiýalaryny ýerine ýetirmek biziň öňde goýan maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi.

Milletiň Lideri BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde türkmen tarapynyň häzirki zamanyň ählumumy meselelerini, şeýle hem sebitiň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürendigini aýdyp, bu ýerde gürrüňiň, ilkinji nobatda, Owganystanda parahatçylykly durmuşy ýola goýmak, ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we ulag gatnawlaryny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, Aral deňziniň ekologiýa meselelerini çözmek, Hazar deňziniň özboluşly tebigy baýlyklaryny gorap saklamak barada barýandygyny belledi.

Şeýle hem bu meseleler ählumumy ýaragsyzlanmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny işläp taýýarlamak, Merkezi Aziýada ýadro ýaraglaryndan erkin zolagy döretmek maksady bilen, netijeli çäreleri amala aşyrmak bilen hem baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem dünýä belli iri, abraýly kompaniýalaryň baştutanlary bilen geçiren köp sanly duşuşyklarymyzyň barşynda bellenilişi ýaly, biziň alyp barýan açyk we parahatçylyk söýüji syýasatymyz häzirki döwürde Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup hyzmat edýär diýip, milletiň Lideri nygtady.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde öňe süren başlangyçlaryny doly durmuşa geçirmek üçin degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen birlikde ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Biziň sözümiz hiç wagt işden aýra çykmaýar. Biz hemişe başlan işimizi ahyryna çenli ýetirýäris. Şonuň üçin hem, dünýä bileleşiginde ýurdumyzyň abraýy barha artýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D. Orazowa söz berildi. Ol şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda edilen işleriň netijeleri, şol sanda şu döwürde gurlan we ulanmaga bermek üçin taýýarlanýan möhüm ähmiýetli desgalar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany aýdylan hasabaty jemläp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň gurluşyk sektorynda öňe gidişlikleriň bardygyny we birentek prosesleriň işjeňleşdirilýändigini belledi.

Ýöne Türkmenistanyň Prezidenti oňyn we sazlaşykly ösüşi berkitmek hem-de pudagyň ösüşini has-da çaltlandyrmak üçin ilkinji nobatda guramaçylyk çärelerini güýçlendirmegiň zerurdygyny hem-de şol çäreleriň işleriň hilini ýokarlandyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Baş prokurory Ç.Hojamyradowyň «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserniniň alyp barýan işlerine geçirilen barlagyň netijeleri baradaky hasabatyny diňläp, ýurdumyzyň awtoulag ýollaryny abatlamak, abadanlaşdyrmak we göwnejaý ýagdaýda saklamak boýunça işleriň guralmagyna degişli tankydy bellikleriň birnäçesini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň başlygy A. Sarybaýewiň adyna tankydy bellikleri aýdyp, berk käýinç yglan etdi hem-de konserniň işinde bar bolan kemçilikleri bir aý möhletde düzetmegi talap etdi.

Döwlet Baştutany garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadyp, tertip-düzgüniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk boýunça orunbasary D.Orazowa käýinç, şeýle hem gurluşyk ministri J.Baýramowa berk käýinç yglan edip, pudagyň kärhanalarynyň takyk we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra mejlisde oba senagat toplumyna we welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşine degişli meseleleriň birnäçesine garaldy.

Lebap welaýatynyň häkimi ÝA.Ýaýylow ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gidişi barada aýdyp, welaýatyň daýhan hojalyklarynda pagta ýygymynyň giň gerimde alnyp barylýandygyny belledi. Häzirki güne çenli welaýat boýunça 257 müň tonnadan gowrak pagta ýygnaldy. Şeýlelikde, meýilnama 85,86 göterim ýerine ýetirildi. Kärendeçiler bilen tabşyrylan «ak altyn» üçin özara hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Mundan başga-da, welaýatyň ekerançylary şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler, güýzlük galla ekişini dowam etdirýärler. Şu günki güne çenli meýdanlaryň köp böleginde doly gögeriş gazanyldy. Tarp ýerleri özleşdirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Meliorasiýa işlerine, ylmy agrotehnikany giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamanyň çäklerinde Lebap welaýatynda dürli maksatly desgalaryň tutuş toplumyny gurmak, şol sanda Köýtendag etrabynda ýerleşen Garlyk şäherçesiniň senagat infrasturkturasyny döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta ýygym möwsüminiň, güýzlük bugdaýyň ekişiniň we şaly hasylyny ýygmagyň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz diňe bir welaýatyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde dürli peýdaly gazylyp alynýan baýlyklara baý bolan Köýtendag etrabyna möhüm orun degişlidigini belläp, bu etrabyň senagat merkezini—Garlyk şäherçesini abadanlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra hökümet Baştutanynyň orunbasary M.Akmämmedowa söz berilýär. Ol özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetrilen işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriň—pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaýyň ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem oba senagat toplumynyň beýleki ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi. Mysal üçin, häzirki wagtda maldarçylyk pudagynda gyşa taýýarlyk görülýär, hemme ýerde ot-iým taýýarlanylýar, agyllar abatlanylýar.

Milletiň Lideri oba senagat toplumyny mundan beýläk-de özgertmek boýunça tagallalary artdyrmagyň möhümdigini nygtap, oba hojalyk ulgamynyň ýolbaşçylaryndan ykdysadyýetiň bu strategik pudagynyň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalary we oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny tejribä giňden ornaşdyrmak baradaky işleriň möhümdigini belledi.

Häzir dowam edýän oba hojalyk işleri barada aýdylanda bolsa, pagta ýygymyny we galla ekişini öz wagtynda tamamlamak möhümdir, şeýle hem mallaryň talaba laýyk gyşladylmagy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Saparlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň 9 aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri, bilim, saglygy goraýyş we sport edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, birnäçe desgalary, şol sanda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan çagalar balglaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, sport desgalaryny, şypahanalary we sagaldyş merkezlerini ulanmaga bermek hem-de gurmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmek barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň täze taslamasy we beýleki resminamalaryň birnäçesi hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak, milli saglygy goraýşy mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Olar häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen deň gadam urup, iň täze tehnologiýalary ulanmagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almalydyr. Biz ýurdumyzyň dünýäniň has ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam etjek ähli zatlardan netijeli peýdalanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň Aşgabat şäherinde Berzeňňide ylmy-şypahana bölüminiň täze binasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekip, ony iň häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmagy tabşyrdy.

Milletiň Lideri paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjigini gurmagyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen gyzyklanyp, bu möhüm meseläni hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk we sport ulgamynda giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň netijelidigini belläp, şu ýylyň noýabrynda Hytaýda geçiriljek XVI Aziýa Oýunlaryna wekilçilik etjek Türkmenistanyň komandasynyň sany we düzümi bilen gyzyklandy hem-de türkmen sportçularyna bu abraýly halkara ýaryşynda uly üstünlikler we ýeňiş gazanmagy arzuw etdi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin çykyş edip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň esasy ugurlaryny belledi hem-de Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

Çykyş eden ýolbaşçylaryň hasabatlaryndan görnüşi ýaly, dokuz aýyň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň oňat depginler bilen ösýändigini görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanmak bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen, ýurdumyz ilkibaşdan ony toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bazar ýörelgelerine tapgyrlaýyn geçmek boýunça dogry ýoly saýlap aldy. Şonuň bilen birlikde, bazar gatnaşyklaryny ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyrmak arkaly biz ykdysadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň usullaryny hem saklap galýarys diýip, milletiň Lideri belledi. Bu bolsa bize ýurdumyzyň ilatyna durmuş taýdan hemmetaraplaýyn we düýpli goldaw bermäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan jemi içerki önümiň möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda jemi içerki önümiň möçberleri 6 göterime golaý artdy.

Döwlet milli ykdysadyýete uly maýa goýumlaryny goýmagy hem dowam edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 130 göterim, iş haklarynyň möçberi 12,8 göterim artdy. Biziň başyny başlan tutumly işlerimiz, amala aşyrýan maksatnamalarymyz, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän özgertmelerimiz häzirki döwürde eýýäm özüniň oňat netijelerini berip başlady diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagatyň paýy ep-esli artyp, soňky üç ýylyň dowamynda ol 8 göterimden gowrak boldy.

Eksport üçin önüm öndürilýän beýleki pudaklaryň paýy hem artdy. Bu bolsa döwletimiziň gaznasyna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň durnukly gelip gowuşmagyny üpjün edýär. Milletiň Lideri milli pulumyz manadyň hümmetiniň bellenen derejede durnukly saklanýandygyny aýdyp, manadyň hümmetsizlenmeginiň hem göz öňünde tutulan çäklerden geçmeýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny özgertmek işi hem üstünlikli dowam edýär. Gurluşyk, senagat pudaklarynda we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Oba hojalygyny özgertmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hem öz oňat netijelerini berip başlady. Şu ýyl gallanyň oňat hasyly ýygnaldy, pagta hasylyny ýygnamak işi hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanmak bilen belledi.

Oba hojalyk topulmynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryndan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 19 ýyllyk şanly baýramyna çenli döwletimiz boýunça «ak altynyň» 1 million tonnadan gowragy ýygnalar diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Biz halkara derejesinde-de, ýurdumyzyň içinde-de iri taslamalary durmuşa geçirmegi yzygiderli dowam edýäris. Kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk-Günorta» demir ýolunyň gurluşygy, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak, iri gaz geçirijileri gurmak işleri üstünlikli dowam edýär.

Däbe görä, biz oktýabr aýynda Watanymyzmyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet we ählihalk derejesinde möhüm ähmiýetli desgalary açyp, ulanmaga bermek boýunça köp sanly dabaraly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi.

Ýaňy-ýakynda energetika pudagynyň täze gurlan iri desgalarynyň birnäçesi ulanmaga berildi. Şeýle hem bir günüň dowamynda dünýä standartlaryna laýyklykda gurlan uly awtomobil köprüleriniň 90 sanysy açylyp, ulanmaga berildi. Bulardan başga-da, paýtagtymyzda Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, ýurdumyzyň medeni durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan, beýik şahsyýetlerimiziň heýkelleri ýerleşdirilen «Ylham» seýilgähi açyldy.

Şu gün agşam bolsa, biz «Awazada» täze gurlan deňiz çüwdürimli we kenardaky çüwdürimler toplumly, amfiteatrly seýilgähde geçiriljek sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bulardan başga-da, ýakyn günlerde täze gurlan zawod-fabrikleriň, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, umumy bilim berýän mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi ulanmaga berler.

Soňra döwlet Baştutanymyz biz ösüş depginimizi birjik-de peseltmän, şu ýyl başlan işlerimizi üstünlikli dowam etdireris diýip belledi. Ýene-de bary-ýogy iki aýdan gowrak wagtdan biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň belleniljek ýylyna gadam basarys diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtlarda dürli meseleleriň birnäçesini çözmek wezipesiniň öňde durandygyny nygtap, olaryň iň möhümleri barada durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň 2011-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak we kabul etmek boýunça möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujetinde iş haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki durmuş maksatly tölegleriň birnäçesiniň möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutmagyň möhümdigini belledi.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, dekabr aýynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmäge Daşary işler ministrliginiň düýpli taýýarlyk görmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedowa oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine geljek ýylyň bol galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýylda tutulýandygyny göz öňünde tutup, häzir dowam edýän güýzlük bugdaý ekişine we gowaça ekmäge görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ähli ýolbaşçylar, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de häkimler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenjek ýubileý ýylyny täze zähmet ýeňişleri bilen mynasyp garşylamalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine häzirden düýpli taýýarlyk görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çärelerini dabaraly ýagdaýda, gyzykly we täsirli geçirmegiň, ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerini metbugatda we telewideniýede giňden beýan etmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz hökümet baştutanynyň orunbasary D.Orazowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalarda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi we ähli desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewi «Türkmenistan – Owganystan -Pakistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşýan döwletleriň ýolbaşçylarynyň dekabr aýynda geçiriljek duşuşygyna gowy taýýarlyk görmäge borçly edip, şol duşuşykda örän möhüm ähmiýetli bu gazgeçiriji boýunça ähli meseleleriň gutarnykly çözülmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň baýram ediljek ýylyna örän ýokary sepgitlere ýetip, gadam basmak we ýubileý ýylyny mynasyp garşylamak üçin, şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, ähli ugurlar boýunça ösüşiň ýokary depginlerini üpjün edip, has gowy netijeler gazanmak barada beren tabşyrygyny ýene-de bir gezek ýatlatdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalaryň birnäçesine, şol sanda wezipelere bellemek baradaky resminamalara gol çekdi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylyny biz diňe bir dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmek bilen çäklenmän, eýsem uly zähmet üstünliklerine hem beslemelidiris. Biz erkin, Garaşsyz, Bitarap döwletiň öz mümkinçiliklerini ulanyp we halkynyň erk-isleglerine daýanyp, öz ösüşinde nähili belent sepgitlere ýetip bilýändigini bütin dünýä görkezmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlamak bilen, ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk we Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Geljekki Diplomatlary Taýýarlamakda Ýardam Berýär

Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Ço Dae-hýun Bilen Duşuşyk Geçirdi

syrach