01.12.2025
DÜNÝÄ

Sa­gat­da 416 ki­lo­metr

Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hy­taý­da gat­na­wyň esa­sy bö­le­gi­ni ot­lu­lar ama­la aşyr­ýar. Ýurt­da bu ba­bat­da re­kord go­ýul­dy. Hy­taý­ly hü­när­men­le­riň iş­läp dü­zen ot­lu­sy sa­gat­da 416,6 ki­lo­metr tiz­li­ge ýet­me­gi ba­şar­dy. “CRH 380” mo­de­li­niň tä­ze nes­li ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly ot­ly Şan­haý-Hanç­žou ara­ly­gyn­da­ky 202 ki­lo­metr­lik ýo­ly 40 mi­nut­da geç­di. Mun­dan ozal dün­ýä­de “iň ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly” Fran­si­ýa degişlidi. Onuň tiz­li­gi sa­gat­da 277 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dy. Ýa­pon ot­lu­la­rynyň tizligi bol­sa sa­gat­da 243 ki­lo­met­re ýet­ýär­. Hy­taý 2012-nji ýy­la çen­li 42 sa­ny ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir­ýol li­ni­ýa­sy­ny gur­ma­gy me­ýil­leş­d­ir­ýär. Ýurt bu­lar üçin 200 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum go­ýmakçy.

referans: www.zamantm.com

Degişli makalalar

Yabancılar için HES (Hayat Eve Sığar) kodu nasıl alınır?

turkmenhabargullugy

Ýewropa Geñeşi Palestine goldaw berýär.

syrach

Aşgabatda «Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygy» Atly Tema Boýunça Brifing Geçirildi