15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

“Gepleýän” we “Eşidýän” İlkinji Akylly Sözlük: Makul Sözlük

“Makul Sözlük” sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy ýakynda hereket edip başlady. Türkmen we Iňlis dillerinde “gepleýän” we “eşidýän” ilkinji Akylly sözlük bolan we www.makulsozluk.com saýtyndan öz işlerini alyp barýan akylly sözlük hakynda Türkmen metbugatynda birnäçe habar neşir edildi. Türkmenistanda hereket edýän Telewizýon kanallarynda Makul Sözlük taslamasynyň mahabaty köp sanly tomaşaçylara ýetirildi. Makul sözlügiň has peýdaly sözlük bolmagyny gazanmak üçin toparymyz tarapyndan täze işler alnyp barylýar we bular barada habarlary ýakynda köpçülige ýetireris.

Makul Sözlük 15 müňden gowrak esasy sözi özünde jemleýär. Makul Sözlükde sinonimleri hem hasaba alanyňda jemi 29 müňden gowrak Türkmen dilinden Iňlis diline, şeýle hem Iňlis dilinden Türkmen diline sözleri tapyp bilersiňiz. Sanly we Sesli sözlük – Makul Sözlük “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap durmuşa geçirýän taslamasydyr.

Ýakyn wagtda sözlügiň Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny ulanyşa girizeris. Gelejekde IOS ulgamynda işleýän “Makul Sözlük” Applikasyýasy Size hödürlener. Bellemeli zat, bu sanly we sesli sözlük taslamasy barada pikir ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäheriniň ýakynlarynda ýerleşýän sanly tehnologiýaly startuplaryň merkezi hasaplanýan Palo Altoda- Silikon jülgesinde jemlendi.

Akylly sözlük: Makul Sözlük

“Makul sözlügiň” beýleki köp sanly sözlüklerden tapawutly tarapy sanly sözlük bolmagydyr. Ýakynda Google Sözlügiň “Türkmen dilindäki” nusgasynyň durmuşa geçendigini we az sanly bolsa hem, Türkmen-Iňlis dillerinde beýleki sanly sözlükleriň bardygyny belläp geçeliň!

Taslamanyň iň esasy aýratynlygy bolsa Sesli Sözlük bolmagydyr. Ýagny, Makul Sözlük Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji sözlükdir. Siz Türkmen dilindäki we Iňlis dilindäki sözleriniň diňe ýazmaça görnüşini däl-de eýsem ol sözleri sesli hem diňläp bilersiňiz.

“Sesli gözleg” : Makul Gözleg

“Makul Sözlük” taslamasynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, sözleri “sesli gözleg” bilen tapmak mümkinçiliginiň bermegidir. Ýagny, Siz isleýän we gözleýän sözleriňizi diňe ýazyp tapmak däl, eýsem, sözlükdäki ýörite programmanyň üsti bilen “sesli gözleg” edip tapyp bilersiňiz. Mysal üçin siz “lawyer” sözini eşitdiňiz we bu söziň manysy bilmek isleýän bolsaňyz, onda, “Makul Sözlüge” “lawyer” diýip, aýtmagyňyz ýeterlik, ol Size bu sözüň Türkmen dilindäki garşylygy aýdar. Ýagny, “Makul Sözlük” diňe “geplemeýär”, eýsem “eşidýän” we eşiden sözüni Size tapyp getirip berýän “akylly” Sözlükdir.

Täze sözleri Teklip Ediň!

“Makul sözlük” taslamasy yzygiderli kämilleşer we sözlükde bolup biläýjek säwlikler aradan aýrylar. Şol sebäpli, sözlügi ulanyjylaryň haýsy-da bolsa, bir bellikleri, tankytlary bar bolsa, bize turkmenlawyer@hotmail.com salgysyndan habar bermeklerini haýyş edýäris. Siz sahypamyzdaky “Siziň Bellikleriňiz” bölümini ulanyp bilersiňiz we saýta baha berip, teswiriňizi we teklipleriňizi iberip bilersiňiz!

“Makul sözlük” taslamasynda “Teklip Ediň” sahypasy hereket edýär we Siz bu Sözlükde bolmaýan sözleri (Türkmen we Iňlis dillerinde) teklip edip bilersiňiz. Iň köp söz teklip eden 5 awtoryň ady esasy sahypada ýerleşdiriler. Awtor islese, özüniň fotosuraty, özi barada gysgajyk maglumaty hem “Teklip ediň” sahypasyna ýerleşdirip biler.

Sözlügiň beýleki aýratynlyklary

Sözlükde “Iň köp gözlenen sözler” we “Iň soňky gözlenen sözler” bölümi hereket edýär. Şeýle hem, täze sözler öwrenmek isleýänler üçin, her gün 5 sany söz, Türkmen we Iňlis dillerinde esasy sahypada öz ornuny tapýar. Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýerleşdirilen iň soňky habarlary hem sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Sahypamyzy ulanyjylar, eger gerek bolsa, Aşgabat şäherinde terjime hyzmatlaryny berýän “Makul Hyzmat’ terjime merkezine öz terjimelerini sanly ulgamyň üsti bilen iberip biler, amatly bahadan ýokary hilli terjime hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

“Makul Sözlük” taslamamyzda Iňlis dilindäki sözlere Aýşirin Alyýewa, Türkmen dilindäki sözlere bolsa Miwe Jumadurdyýewa ses berdi.

Akylly Sözlük-Makul Sözlük taslamasy “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory, hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjowyň umumy ýolbaşçylygynda taýýarlanyldy.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmen Okuwçylary Halkara Žautyk Olimpiadasynda Şowly Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn

syrach

Goňurdepede Gazuw-Agtaryş Işleri Netijesinde Tapylan Bezeg Böleklerini Abatlamak we Muzeý Gymmatlygy Derejesine Ýetirmek Işleri Tamamlandy

turkmenhabargullugy