15.01.2026
DURMUŞ

RUSSIÝANYŇ GÜNORTA SEBITLERINDE GELEN SIL SEBÄPLI ULY ÝITGI ÇEKILDI

Russiýanyň günorta sebitlerinde gelen sil sebäpli uly ýitgi çekildi.

Krasnodar oblastynda derýanyň daşmagy sebäpli 11 adam ýogaldy, 3 adam dereksiz ýitdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi ýogalanlardan üç sanysynyň sil gelen mahaly öýlerinden çykyp bilmändigini, sebitden 160 adamyň bolsa başga ýerlere göçürilendigini habar berdi.

Sil we aşa köp ýagan ýagyş sebäpli ýüze çykan ýer süýşmesi Demirgazyk Kawkaz demir ýolunyň birnäçe ýerinde gatnawyň ýapylmagyna sebäp boldy

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Adam hukuklaryny berjaý etmek Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry.

syrach

Aşgabatda BMG-niň Ählumumy Strategiýasyny Amala Aşyrmak Boýunça Sebitleýin Duşuşyk Geçirildi

Tükenmez Hazyna