19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Atajan Aşyrowyň 80 Ýaşynyň Dolmagy Mynasybetli Sergi: Şatlyk Paýlaýan Nakgaş

Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzda iň şadyýan nakgaş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri 80 ýaş toýuny toýlaýan Atajan Aşyrowyň işleriniň sergisi açyldy.

Sergä gelenleriň arasynda ýekeje-de tutuk adam ýok. Bu ýere degişmäni halaýan we žiwopisçiniň wäşi döredijiligine sarpa goýýanlar gelipdirler. Atajan Aşyrowyň işleri aforizme we metafora ýugrulan. Onuň döredijiligine mahsus bolan ýarym tonlar, grotesk nygtalmalar we görer göze ýeňillik gysby ýordumlara giňişleýin düşünmäge ýardam edýär.

Atajan Aşyrow çagalykdan surat çekip ýörensoň haýsy käri saýlasamkam diýip ikirjiňlenip durmady. Orta mekdebi tamamlandan soň Türkmen döwlet çeperçilik ýörüte orta mekdebine okuwa girdi. Soňra bilimini Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetinde dowam etdi. Şol sebäplem Atajan Aşyrowyň döredijiligi edebiýata ýykgyn edýär, bu bolsa onuň žiwopis tilsiminiň köp manylydygyny düşündirýär.

Adaty ýagdaýlardanam gülkünç ýordumlary nähili tapýandygyny hat-da Atajan Ataýewiçiň özem aýdyp bilmeýär. Atajan Aşyrowyň ýumory – mähirli, onuň işlerine syn edýänleriň ählisi ýylgyraýýar…

Sergide onuň täze ýumoristik suratlary bilen birlikde ozalky meşhurlary-da bar, olaryň köpüsi birinji aprel sergilerine gelenleriň göwnünden turupdy. «Işe gidende» we «Işden gaýdanda» atly komiksi iň talapkär tomaşaçynyam güldürip bilýär: ýüplük egirýän zenan toruny ýomaklardan dolduryp işe howlugýar, yzyna bolsa öz eli bilen ören örme paltoly, başgaply we şarfly dolanýar…

Atajan Aşyrowyň ýübileý sergisinde tomaşaçylary kädiden ýasalan eli naýzaly we gylyçly hyýaly sakçylaryň üçüsi garşy alýar, esasy-da – olaryň ýüzi şeýle bir agyr welin, ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Aslynda ýubilýaryň özi-de şony isleýär.

Sergide kädiden ýasalan we nakgaşyň özüne mahsus tilsimde surat salnan guşlaryň, aýratynam uçup barýan ördekleriň suraty kän. Žiwopisiň, amaly sungatyň we installýasiýanyň şeýle utgaşygy üýtgeşik görünýär.

…Ine-de, uçar trapynan erkek adamlar düşüp gelýärler. Olaryň biri şlýapasyny göterip, aýalyna salam berýär. Aýaly bolsa ýanýoldaşyna garaşylmaýan sowgat etjek bolup, arkasynda gül dessesini bukup dur… Beýlekisi bolsa, uçardan düşmäge gorkýar, sebäbi aýaly öýünden alysda eden biedepligi üçin oňa temmi berjek bolup eli oklawly garaşyp dur.

Ine-de, ýumoristik žurnalyň geljege umytly baş redaktory işgärleriniň birine: «Senden ýumorçy çykmasa-da, gynanamasana, satiraç-a çykar-da» – diýip göwünlik berýär.

Satiraçy nakgaşyň awtoportreti has jüpüne düşüpdir – ol özüni ýewropa biçüwli şlýapanyň üstünden tahýa geýen, gulagyna çagalyk hemrasy galam gysdyran, kisesi çotgaly şekillendiripdir. AAA, ýagny Atajan Ataýewiç Aşyrow diýibem gol çekipdir.

Tamara GLAZUNOWA

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan Fotosuratlary 44

turkmenhabargullugy

Özbegistan Respublikasynyň Daşary Ykdysady Gatnaşyklar, Maýa Goýum we Söwda Ministri Bilen Duşuşyk

syrach

Aman Amangeldiýewiň Ýagty Ýadygärligine Bagyşlanan Sergi

turkmenhabargullugy