15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Soçi: Pentagon Orsýete teklip edýär.

Pentagon indiki aýda Orsýetiň Soçi şäherinde boljak gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňündäki taýýarlyklar üçin “orsýet hökümetine doly ýardam hödürledi”.

Pentagonyň metbugat-sekretary harby deňiz güýçleriniň kontr-admiraly Jon Kirbiniň duşenbe güni aýtmagyna görä, ABŞ-nyň regiondaky harby ýolbaşçylary Orsýetiň kömege mätäç bolan ýagdaýynda oňa ýardam bermek üçin “deňagramly planlaşdyryşy we taýýarlyklary” amala aşyrýarlar.

Kirbi ABŞ-nyň Gara deňizde ýerleşýän iki sany harby gämisiniň “soralan ýagdaýda elýeterli boljagyny” aýtdy, emma şol bir wagtda-da Orsýetden ýardam barada hiç bir ýüzlenmäniň bolmandygyny aýtdy.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda yslamçylar Olimpiýa oýunlaryna päsgel bermek maksatly hüjüm etmek planlaryny yglan etdiler. Geçen aýda Soçiden 700 kilometr demirgazykda ýerleşýän Wolgograd şäherinde yslamçy söweşijileri tarapyndan öz üstüne alynan hüjümlerde azyndan 34 adam heläk boldy. 

çeşme: www.azathabar.com

Degişli makalalar

Türkmen Pälwanlary Ýaryşa Üstünlikli Girişýärler

syrach

Arkalaşygyň Kubogynyň Ýeňişli Netijesi

syrach

Türkmen Türgeni Bürünç Medala Eýe Boldy