22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
SPORT

Güýç Kuwwat, Ýeňşe Bolan Erk Hem-de Sagdyn Ruh

Aşgabadyň 2017-nji ýylda özünde kabul etjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi türkmen jemgyýetinde sport bilen işjeň meşgullanmaga güýçli höwes döretdi. Özi-de diňe bir ýokary gazanylanlar sportuna däl, eýsem, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş hereketine uly höwes döretdi.

Taýýarlanjak hem-de mynasyp derejede geçiriljek Aziadanyň Türkmenistanyň abraýyny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine hiç hili şübhe ýok, ýöne onuň ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdiginiň hem ähmiýeti pes däldir. Sporty wagyz etmek Aziadanyň esasy maksatlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bu pikiri milli Liderimiz Aziada-2017-niň guramaçylyk komitetiniň 25-nji fewralda geçirilen mejlisinde ösdürdi. “V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi biziň Bitarap ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýedir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Oýunlar ilatyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpjün eder, beden taýdan berk ýaş nesli terbiýelemek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin amatly şertleri döreder. 

Aziýa oýunlary��”bu örän uly sport baýramçylygy. Oňa  biz häzir ähli ugurlarda taýýarlanýarys. Ýöne islendik baýramçylyk irde-giçde tamamlanýar, emma ýurdumyzyň sport durmuşy dowam edýär. Aziadanyň mirasy onuň özeni bolmalydyr, onuň töwereginde milli sporty ösdürmegiň täze strategiýasy guralmalydyr. Munuň özi sport menejmenti ulgamynda ele alnan bilimlere, tälimlere we tejribelere, halkara hünär derejeli tälimçileri we eminleri, sport lukmanlaryny we psihologlary taýýarlamaga   bolşy ýaly, elbetde, türgenleriň özlerine-de, Oýunlaryň ýaryşlary geçiriljek sport-türgenleşik toplumlaryna-da degişlidir. 

Paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherçesi ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen diňe bir desgalaryň ýygyndysy bolman, eýsem, Türkmenistanyň sport abraýynyň hem bir bölegi bolup durýar hem-de Aşgabadyň ajaýyp keşbinde güýç-kuwwaty, ýeňşe bolan erki we sagdyn ruhy beýan edip, täze okgunly häsiýet çaýýar. 

Desgalary taslamalaşdyrmak boýunça işleriň başynda ähli tagallalary we döredijilik pikirlerini bir umumylyga birleşdirmäge hem-de ony şäheriň gözelligine sazlaşykly ornaşdyrmaga mümkinçilik  berjek ýeke-täk binagärlik strategiýasyny döretmek zerurlygy ýüze çykdy. Olimpiýa şäherçesiniň mylaýym simmetrik görnüşleri, binalaryň görnükli, tekiz aýratynlyklary bolan keşbi örän dogry tapyldy��”ol daş-töwerekdäki giňişlik bilen sazlaşýar hem-de şol bir wagtda onda ýeňiljek futuristik äheňe eýe bolan esasy ajaýyplygy görkezýär.  

Toplumy peýdalanmagyň uzakmöhletli geljegi nazarda tutulyp, onuň gözellik we binagärlik taýdan keşbi, şeýle hem onuň gönükdirilen işi we tehniki mazmuny olaryň mümkin boldugyça has uzak döwrüň dowamynda möhümligini ýitirmezligi hakda pikirlenildi. 

Ölçegi we möçberi taýdan ägirt uly Olimpiýa şäherçesi meýilleşdirilişiniň hem-de gurluşynyň netijesinde akgynlylygyň, hereketliligiň täsirini döredýär. Orta Aziýada häzirki günde deňi-taýy bolmadyk täsin toplumyň desgalary Olimpiýa stadionynyň töwereginde toplanandyr. Şol stadionda oýunlaryň açylyş we yapylyş dabaralary geçiriler. Monorels  ýoly hyzmat edýän işgärlere, türgenlere hem-de tälimçilere, žurnalistlere we myhmanlara ähli sport desgalaryna tiz barmagy üpjün eder. 

Bu ýerde soňlugy bilen ýurdumyzyň täze gurluşyklarynyň ählisinde ulanylyp bilinjek täze tehnologiýalaryň giňden peýdalanylandygy sebäpli hem şeýle toplumyň gurluşygynyň ähmiýeti Aziadanyň çäklerinden çykýar. Bu ýerde, şeýle hem energiýa sarp edilişi we energiýa tygşytlaýjy, dolandyryş ulgamlaryny awtomatlaşdyrmak, habarlary kabul etmegiň-geçirmegiň iň täze usullaryny peýdalanmak bilen, maglumatlary geçirmegiň göwrümini we tizligini artdyrmak babatda innowasion işläp taýýarlamalary peýdalanmak göz öňünde tutuldy.              

Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň gurluşygy, mälim bolşy ýaly, üç tapgyrda alnyp barylýar. Gurluşygy 2014-nji ýylyň aprelinde tamamlanan 1-nji nobatdaky tapgyryň çäklerinde 15 müň tomaşaçy orunlyk oýunlaryň sport görnüşleriniň toplumynyň türgenleşik zallarynyň 4-si, 6 müň tomaşaçy orunlyk welotrek, 5 müň tomaşaçy üçin niýetlenen başa-baş söweşleriň hem-de söweş sungaty boýunça sport toplumy we onuň türgenleşik zallarynyň 3-si, dikeldiş merkezi, 1 müň tomaşaçy orny bolan tennis, gandbol, basketbol hem-de woleýbol bilen meşgullanmak üçin açyk sport meýdançalary bina edildi.  

Şeýle hem 1 müň orunlyk restoran, metbugat merkezi bolan 800 orunlyk “Sport” myhmanhanasy, köpgatly awtoduralga /ikisi 400 birlik ulag hem-de biri 200 birlik üçin/, içinde 370 orunlyk restoran-bar ýerleşdirilen köpri-galereýa arkaly Olimpiýa şäherçesi bilen birleşdirilen “Sport” işewürlik merkezi guruldy.   
2-nji nobatdaky tapgyryň çäklerindäki gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň dekabrynda doly tamamlandy. Bu tapgyryň desgalarynyň hatarynda ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek üçin 450 orunlyk “Olimpiýa” myhmanhanasy, 5 müň tomaşaça niýetlenen ýeňil atletika toplumy, 5 müň tomaşaçy orunlyk ýapyk suw toplumy hem-de 1 müň 200 tomaşaçy üçin orunlary bolan suw sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen açyk howuz, 4 müň adamlyk tomaşaçy orny bolan tennis zaly hem-de 2 müň tomaşaça niýetlenen açyk tennis meýdançalary bar. 

2-nji tapgyryň çäklerinde “ATOS” ispan kompaniýasynyň��”Halkara Olimpiýa Komitetiniň resmi IT-hyzmatdaşynyň maglumat-aragatnaşyk goldawyny hem-de Oýunlaryň barşynda işleri dolandyrmak ulgamyny üpjün edýän tehnologik enjamy gurnaldy. Medeni-dynç alyş merkezi taýýar edilen desgalaryň ýene-de biridir. Mundan başga-da, myhmanhanalar toplumlarynyň ýanynda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan 500 awtoulag üçin niýetlenen köpgatly duralga guruldy. 

3-nji nobatdaky targyrynyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar, eýýäm onuň meýilnamasynyň 75 göterimi ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda Olimpiýa stadionynyň üçegini gurnamak hem-de öň ýüzüni bezemek işleri alnyp barylýar. Türgenler üçin 12 müň orunlyk myhmanhanalaryň gurluşygy boýunça işler 82 göterim /8 müň 800 orun/ ýerine ýetirildi. 400 orunlyk köpgatly awtoduralganyň ikisiniň, halkara ýaýlyma beriş merkeziniň, doping ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Olimpiýa meýdançasynyň hem-de Logistika merkezleriniň gurluşyklary dowam edýär.

Häzir desgalary tapgyrlaýyn kabul etmek alnyp barylýar. Soňra şäherçäniň sport desgalarynda synag ýaryşlary geçiriler. Şol ýaryşlar türgenleriň olary kabul edişiniň subutnamasyna öwrüler.

Şular bilen bir wagtda Olimpiýa desgalaryny dolandyrmak üçin işgärleri taýýarlamak we olara okuw geçmek, türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtly tälimçileri çekmek boýunça, şeýle hem ýurdumyzyň içinde bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda hem Oýunlaryň netijeli mahabatyny guramak, hünärmenlere we meýletinçilere iňlis dilini öwretmek, Aziada döwründe lukmançylyk hyzmatyny ürjün etmek we ençeme beýlekiler boýunça işler amala aşyrylýar. 

Oýunlaryň ýapylyş we açylyş dabaralaryny guramak babatda hem bu ulgamda uly tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen işjeň gepleşikler alnyp barylýar /olar 2012-nji ýylda Londondaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny, 2014-nji ýylda Soçide gyşky Olimpiýa oýunlaryny hem-de 2015-nji ýylda Bakuda Ýewropa oýunlaryny we ş.m. geçirmäge gatnaşdylar, mundan başga-da, Rio-2016 tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge çagyrylýar/. 

Aşgabat Aziadasy türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aziada -2017-niň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Okeaniýanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň arasynda 2014-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen taryhy Ähtnama laýyklykda, Aziýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň wekiliýetleriniň 45-sini, şeýle hem Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň wekiliýetleriniň 
17-sini ýygnap, Aziýa oýunlarynyň geçirilişinde iň irisi bolar. Dünýäniň 62 döwletinden 5000-den gowrak türgen sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşarlar. Ýurdumyza geljek myhmanlaryň ýüzlerçesi, şol sanda, žurnalistler we janköýerler özleri üçin täze Türkmenistany ��” belent ruhuň we ösüşiň, sportuň we sagdynlygyň ýurduny açarlar.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň, Türkmenistanyň durnukly ösüşini we abadançylygyny üpjün etmek üçin “Aziada-2017” taslamasynyň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak esasy wezipeleriň biridir. Gürrüň häzir we geljekde serişdeler mümkinçiligini netijeli peýdalanmagyň esasynda durmuş-ykdysady pudaklarynda uzakmöhletli oňyn üýtgetmeleri döretmek barada barýar. 

Iri halkara ýaryşlary iň oňat türgenleriň ýöne bir ýaryşy bolmagyny bireýýäm bes etdi. Olaryň ykdysadyýetiň ösüşine täsirini seljerip, bilermenler uly möçberli sport çäreleriniň onuň geçirilýän ýurdunda kämahal ençeme onýyllyklar öňünden ykdysadyýetiň ösüşi üçin şertleri döredýändigi baradaky netijä geldiler.

Aşgabatdaky Aziýa oýunlary, şeýle hem  müňlerçe täze iş orunlaryny  döreder, içerki we halkara söwdasynyň möçberleriniň, işewür syýahatçylyk işjeňliginiň  artmagyna ýardam eder. Oýunlarda ulanylmagy göz öňünde tutulýan işgärleriň umumy sany 11 müň töweregi bolup, olaryň 10 müňüsi meýletinçilerdir. Aşgabat oýunlary Türkmenistanyň diňe bir şöhratyny artdyrman, ýurdy diňe bir halkara teleýaýlymlarynda we Internet giňişliginde täzeden açman, eýsem, syýahatçylygy ösdürmäge, Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine ýakynlaşmagyna kuwwatly itergi berer. 

Ykdysady höweslendirmelerden başga, biz, şeýle hem ýurdumyzyň bütin gözelligini we köptaraplylygyny, onuň myhmansöýerligini we bütin dünýä açyklygyny, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge we özara hereketlere taýýarlygy giňden görkezmek isleýäris. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” atly şygarynda hem şöhlelenendir.
Bu sözler “Türkmenistan–sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” diýen şygar bilen utgaşýar. Şol şygar astynda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça her ýylda Umumymilli sportakiada geçirilýär. Ol şäherlerden we obalardan müňlerçe watandaşlarymyzy, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň zähmet toparlaryny, ýokary okuw mekdeplerini we orta mekdepleri öz hataryna çekýär. 

Şeýlelikde, “Aziada-2017” taslamasynyň esasy konsepsiýasy häzirki zaman jemgyýetinde parahatçylyk we ynsanperwerlik pikirlerini, hoşniýetli goňşuçylyk, halklaryň arasynda dostluk ýörelgelerini, şeýle hem sportuň birleşdiriji ähmiýetini wagyz etmekden ybaratdyr. Onuň esasy üç ruhy wezipesi Oýunlaryň şygarynda şöhlelenýär: ol adamyň saglygyny esasy durmuş gymmatlygy hökmünde ykrar etmekdir, ýeňşe bolan ymtylyşy ruhlandyrmak we janlandyrmakdyr, dostluk we özara düşünişmek köprülerini ýola goýmakdyr, doganlyk ruhuny pugtalandyrmakdyr. 

…Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna badalga berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziadanyň başlanmagyna çenli 500 gün galanyndan başlap, ýurdumyz boýunça atly ýörüşi geçirmek teklibini öňe sürdi. At üstündäki jarçylaryň köpsanly myhmanlary toýa çagyrmagyndaky türkmen halkynyň gadymy däplerine laýyk gelýän bu uly möçberli çäre watandaşlarymyzyň ählisi tarapyndan uly höwes bilen goldanylyp, uly sport baýramçylygyna Türkmenistana özboluşly çakylyga öwrüler. 

Degişli makalalar

Türkmenistanlylar Nobatdaky Tapgyra Çykmaga Mümkinçiligini Saklap Galýarlar

İspaniýada Uly Futbol

syrach

Gandbol Boýunça Oglanlaryň Arasynda XI Uniwersiadanyň Ýeňijileri Belli Boldy