7.8 C
Aşkabat
02.03.2026
SPORT

Ahalyň ilkinji ýeňşi.

Aşgabat stadionynda “Talyp sporty” we “Ahal” toparlarynyň duşuşygy bilen ýokary ligadaky toparlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyry başlandy.

Toparlaryň ikisi hem milli birinjilikde ilkinji oýunda ýeňiş gazanyp bilmedi. Birinji tapgyrda “Talyp sporty” ýurdumyzyň häzirki çempiony bolan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi “Ahal” topary myhmançylykda Marynyň “Merw” toparyndan 1:3 hasabynda utuldy. Şoňa görä-de, bäsdeşler şu günki duşuşykda ýeňiş gazanmaga hem-de janköýerlerini begendirmäge çalyşdylar.

“Ahal” toparynyň oýunçylary duşuşygyň ilkinji pursatlaryndan hüjüme geçip, eýýäm oýnuň 3-nji minutynda onuň hüjümçisi G.Çonkaýew dürs urgy bilen hasaby açdy. Şondan ýarym sagat geçenden soň tomaşaçylar “Talyp sportunyň” derwezesine ýene-de bir pökgüniň geçirilmeginiň şaýatlary boldular. Bu gezek jerime meýdançasynyň daşyndan dürs urgy bilen R.Şermetow tapawutlanmagy başardy.

Oýnuň ikinji ýarymynda toparlaryň ikisi hem hasaby üýtgetmäge çalyşdylar. Ýöne derwezebanlaryň ussatlyk gorkezmegi netijesinde hasap üýtgemedi. Şeýlelikde, “Ahal” topary ýeňiş gazanyp, ilkinji 3 utugyna eýe boldy.

Ýurdumyzyň birinjiliginiň ikinji tapgyry 15-nji martda “Şagadam” – “Merw”, “Bagtyýarlyk-Lebap” – “Aşgabat”, “Daşoguz” – “Altyn asyr” we HTTU – “Balkan” toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.

Degişli makalalar

Ýaşlar Düzümleriniň Gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň Birinjiliginiň 5-nji Tapgyry Geçiriler

Gurbanguly Berdimuhamedow: V Aziýa Oýunlary Oňa Gatnaşyjylaryň Düzümi Boýunça-da, Sport Görnüşleriniň Sany Boýunça-da Aýratyn Häsiýete Eýedir

turkmenhabargullugy

Hoş Geldiňiz V Aziýa Oýunlaryna Fotosuratlary