14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň hokkeý boýunça birinji çempionaty.

Paýtagtymyzyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumynyň buzly meýdançasynda 2013-2014-nji ýyllaryň hokkeý sezony boýunça Türkmenistanyň birinji çempionatynyň 8-nji tapgyryň jemleýji oýunlary geçirildi. Onda ýaryşyň ikinji tapgyrynda çykyş edýän toparlar özara bäsleşdiler. Bu bäsleşik ýaryşyň ikinji tapygyryna badalga berdi. Onda oýnamaly iki topar kesgitlendi. Olar ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çil mal biržasynyň “Şir” toparlaryndan ybarat.

Görnüşi ýaly, şu toparlaryň arasynda hem altyn medal ugrundaky bäsleşik ýaýbaňlandyrylar. Türkmenistanyň çempionatynda şeýle hem içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil”, döwlet serhet gullugynyň “Merdana”, Goranmak ministrliginiň “Watançy”, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Oguzhan”, Aragatnaşyk ministrliginiň “Alp Arslan” we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň toparlary gatnaşýarlar.

8-nji tapgyryň bäsleşikleri barada aýdylanda bolsa, onda öňde barýan toparlar ynamly ýeňiş gazandylar. “Galkan” “Watançyny” 17:2, “Şir” bolsa “Alp Arslany” 5:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Beýleki iki duşuşyklarda hem oýunlar şeýle ýagdaýda geçdi. “Merdan” toparynyň hokkeýçileri Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň toparynyň derwezesine 11 şaýba geçirmegi başardylar. “Nesil” topary “Oguzhan” toparyndan 9:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, 24 utuk toplan “Galkan” topary birinji orunda barýar. Öňdebaryjy toparynyň oýunçylarynyň netijeliligini bellemeli. Olar 8 duşuşykda 130 şaýbany garşydaşynyň toruna girizmegi başardylar. Şunlukda olar öz torlaryna 8 şaýba goýberdiler. Toparyň oýunçysy A.Wahowskiý bäsleşiklerde jemi 26 şaýbany geçirip, öňdebaryjy oýunçsylaryň hatarynda üçünji orny eýeleýär.

“Merdana” toparyndan P.Barkowskiý çempionatyň iň ýokary netijeli oýunçysy hasaplanýar. Ol ýaryşlaryň dowamynda 50 şaýbany geçirmegi başardy. Bu toparyň oýunçylary bäsleşikleriň netijeleri boýunça 15 utuk toplap dördünji orunda barýarlar. Olar garşydaşlarynyň toruna 77 şaýba girizmegi başardylar.

Bäsleşikleriň netijeleri boýunça “Şir” topary 21 utuk toplap, ikinji orna düşdi. Şeýlelikde, 16 utuk toplan “Nesil” üçünji orunda barýar.

Türkmenistanyň 2013-2014-nji ýyllaryň hokkeý boýunça möwsüminiň birinji çempionaty öňümizdäki dynç günlerinde dowam eder. Şonda 9-nji tapgyryň oýunlaryna badalga berler.

Degişli makalalar

Amerikan olimpiýaçylary Türkmenistanda sport tejribesini alyşýarlar.

syrach

Sport Mekdebiniň Hokkeý Boýunça Açyk Birinjiligi

Bowling Ýaryşyna Gatnaşjak Makaoly Türgenler Öz Bähbidinden Geçip, Diňe Aşgabat 2017-ä Taýýarlyk Görýärler