21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Halkara Forumy Açyldy.

Aşgabatda “Energiýa serişdeleriniñ ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly Energetiki Hartiýasynyñ Forumy öz işine başlady.
Türkmenistanyñ Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyñ gatnaşmagynda geçen bu uly Foruma Energetiki Hartiýasynyñ Baş Sekretary Urban Rusnak, Horwatiýa Respublikasynyñ Ykdysadyýet ministry İwan Wrodolýak, Ermenistan Respublikasynyñ Energetika we tebigy baýlyklar ministry Erwand Zaharýan ,Ýewropada Howupsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ Ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça utgaşdyryjysy Halil Ýurdakul Ýigitguden gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Türkmenistanyñ Prezidenti öz çykyşynda bu energetiki forumyñ geçmegi bilen uly başlangyjyñ başlanandygyny, energiýa ulgamynyñ howupsyzlyk meselesiniñ ugurlary kesgitlener- diýip, nygtady. Dünýäde tebigy baýlyklaryñ adalatly paýlaşylmagy hasaba alynmalydyr.Tebigy gazy günbatara ibermek meselesi gün tertibimizde durýar. Türkmenistan ekologiýa meselesine uly ähmiýet berýär. Biziñ wezipämiz ekologik deñligi saklamakdyr. Energetika meselesinde syýasy äheñe, hilegärlige ýol berilmesizdir.Energetika giñişligi janly üýtgäp durýan hakykatdyr. Bu ýerde nyrh meselesi aýratyn möhümdir.Gynansakda nyrhlar üýtgäp durýar. Bular bolsa tebigy baýlyklaryñ bikanun ýerlenmegine alyp barýar. Bu meselede Türkmenistanyñ pikiri berkdir we gaýduwsyzdyr.Energetika adamzadyñ baýlygydyr. Energetika meselesinde BMG, ÝHHG, EB bizi goldaýarlar-diýip, Türkmenistanyñ Prezidenti öz çykyşynda belledi.
Energetiki Hartiýasynyñ Baş Sekretary Urban Rusnak hem öz çykyşynda Türkmenistan Energetiki Hartiýany esaslandyryjylaryñ biridir. 2017-nji ýylda Türkmenistan bu Gurama Başlyklyk eder-diýip, Urban Rusnak nygtady.

Degişli makalalar

Mejlisiň Kada-Kanunçylyk Baradaky Komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedow Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy

Galkynyş ýatagy özleşdirmegiň tapgyrlary.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti: AHHG Merkezi Aziýada Hyzmatdaşlyk Üçin Ygtybarly Meýdança Bolar