17.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Moskwada türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy.

Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyndaky Gündogar halklarynyň sungatynyň döwlet muzeýinde “Türkmen kalbynyň owazy” ady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty döwlet muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen serginiň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi iki dostlukly halklaryň köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolan medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 



Serginiň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda we onuň açylyş dabarasynda çykyş eden sungaty öwrenijiler, suratkeşler, diplomatlar, žurnalistler türkmen şekillendiriş sungatynyň iň gowy eserleriniň Moskwada görkezilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny we munuň özi iki ýurtlaryň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Wladimir Putiniň Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň däp bolan medeni gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalalarynyň netijesidigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bir ýyl mundan ozal Russiýanyň Gündogar halklarynyň sungaty döwlet muzeýiniň belli suratkeşler we magaryfçylar Nikolaý hem-de Swýatoslaw Rerihleriň eserleriniň Aşgabatda görkezilendigini kanagatlanma bilen nygtaldy. Moskwada türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylmagy iki sany iri muzeýleriniň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň senenamasyna täze sahypany ýazdy. 



Gündogar halklarynyň sungatynyň döwlet muzeýiniň baş direktory Aleksandr Sedow sergini açmak bilen, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty döwlet muzeýiniň işgärlerine köpugurly sergini geçirmek babatda ýokary taýýarlyk görendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi soňky on ýylyň dowamynda geçirilen medeni çäräniň iň irileriniň biridir. Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Moskwada kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de bu şäheriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary sergä gatnaşdylar. Bu ýerde görkezilýän eserler we oňa bagyşlanan teswirlemeler sergä gatnaşyjylar üçin ýakymly sowgat boldy.



Türkmen suratkeşleriniň geçen asyryň ikinji ýarymyndan we şu ýylyň başynda türkmen sungatynyň ösüşine bagyşlanan eserleriň üsti bilen bu ulgamda ýetilen sepgitler barada has doly beýan etmek maksady bilen, birnäçe suratkeşleriň saýlanan eserleri Moskwa getirildi. Olaryň köpüsi dünýä boýunça sungatyň bu ugrunyň ösmegine goşant bolup biljek şekillendiriş sungatynyň kämil eserlerinden ybaratdyr. 



Umuman aýdanyňda, bu ýerde görkezilýän eserler özleriniň köp öwüşginliligi, çeperçilik usullary arkaly Moskwanyň ilatyna we onuň myhmanlaryna Türkmenistanyň özboluşly durmuşy, halk dessurlarynyň taryhy köklerine daýanýan köptaraply medeni hem-de ruhy ösüşi barada döredijilikli beýan edýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Awazadaky Täze Sagaldyş Merkeziniň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

syrach

Türkmen Zyýaratçylary Magtymguly Pyragynyň we Onuň Atasy Döwletmämmet Azadynyň Aramgähinde Aýat-Doga Okadylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary