33.9 C
Aşkabat
17.06.2025
TEHNOLOGİÝA

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň neşirleri halkara metbugat festiwalynda

     Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda metbugat we habarlar agentlikleriniň 17-nji Halkara fesitwalynyň çäklerinde guralan Türkmenistanyň döwürleýin neşirleriniň sergisi tamamlanýar. Oňa dünýäniň 50-den gowrak ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar.

     Sergä gatnaşyjylar we myhmanlar täze Galkynyş eýýamynda biziň ýurdumyzda neşir edilýän onlarça gazetlerden we żurnallardan ybarat bolan Türkmenistanyň metbugat ekspozisiýasy bilen tanşyp, Türkmenistanda çap edilýän neşirlerde ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli möhüm wakalaryny beýan edýändigini we Türkmenistanyň poligrafiýa önümleriniň ýokary hilini bellediler.

     Ertir 1-nji noýabrda metbugat we habarlar agentlikleriniň 17-nji Halkara festiwaly uly dostluk baýramçylygy bilen tamamlanar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aziada-2017-niň Aragatnaşyk Hyzmaty Teleýaýlymlarda Görkezmegiň we Internet-Aragatnaşygynyň Ýokary Hilini Üpjün Eder

Ýurdumyzda Öýler we Senagat Binalary Üçin LED-lampalaryň Iki Milliona Golaýy Öndürildi

TOPH Taslamasynyň Gurluşygynda Iň Häzirki Zaman Tehnologiýalar we Enjamlar Peýdalanylýar

syrach