19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DÜNÝÄ

Ukraina tabyn bolan Krym Awtonom Respublikasynda 31-nji oktýabrda ýerli we umumy saýlawlar geçirler.

Ukraina tabyn bolan Krym Awtonom Respublikasynda 31-nji oktýabrda ýerli we umumy saýlawlar geçirler.

Sürgünden ene watanlary Kryma gaýdyp gelen tatar türkleri hak-hukuklarynyñ yzyna berilmegi üçin göreşýär.

Emma krym tatarlary başdan geçirýän kynçylyklarynyñ çözülmeginde merkezi we ýerli häkimiýetleriñ garşylygyna sezewar bolýar.

Bu sebäpli krym tararlarynyñ ýerli häkimiýetlerde wekilçilik etmegi kynçylyklaryñ çözülmegi taýdan ähmiýetlidir.

Krym Tatar Milli Mejlisiniñ başlygy Abdyljemil Krymogly hem saýlaw kompaniýasynyñ depginini güýçlendirdi.

Krymogly tatar türkleriniñ saýlawlarda hökmany suratda ses bermegi meselesinde duýduryş berdi.

Tatar türkleri Krymyñ ilatynyñ 13 göterimini emele getirýändigine garamazdan 100 kürsili parlamentde diñe 8 halk deputaty bilen wekilçilik edýär.

referans.www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Bitaraplyk, Parahatçylyk Söýüjilik we Hoşniýetli Goňşuçylyk – Türkmenistanyň Daşary Syýasatynyň Esasyny Düzýär

Türkmenistan – BMG

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti “Iş Kesilenleriň Mukaddes Gadyr Gijesi Mynasybetli Günäsini Geçmek Hakynda” Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy