13.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Fransiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Fransua Ollanda Pariž şäherinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. 

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. 

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach

Oba Hojalyk Pudagynda Hyzmatdaşlygyň Täze Görnüşine Badalga Berildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Dokma Senagatynyň Işgärleri Öz Hünär Gününi Pudak Boýunça Serginiň Açylmagy Bilen Belläp Geçerler