15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET YLYM

Oba Hojalyk Pudagynda Hyzmatdaşlygyň Täze Görnüşine Badalga Berildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetinden (EMAU) oba hojalyk ylymlarynyň professory Gamlet Martirosýanyň wideosapagy guraldy.

Talyplar üçin niýetlenen sapak 2017-nji ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky ylalaşygy amala aşyrmagyň çäklerinde guraldy.

EMAU-nyň agronomçylyk fakultetiniň ösümçilik we topragy öwreniş kafedrasynyň professory «Oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiligini we tohumçylygynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ösdürmegiň ugurlary» diýen mowzuk boýunça sapak berdi.

Ol mysal hökmünde Ermenistanyň Agrar uniwersitetiniň, bu ýurduň beýleki seçgiçilik merkezleriniň degişli ugurda ylmy gazananlaryny getirdi. Sapak tamamlanandan soň, professor Martirosýan oňa gatnaşan türkmen talyplarynyň hem-de professor-mugallymlaryň sowallaryna kanagatlanma bilen jogap berdi.

Ýokary okuw mekdepleriň ikisiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde ermeni professory tarapyndan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň adyna seçgiçilik gollanmalarynyň nusgalaryny ibermek teklip edildi. Onuň habar berşi ýaly, Ermenistanyň Milli agrar uniwersiteti şeýle gollanmalaryň 1500-den gowrak nusgasyna eýe bolup durýar.

Agrar uniwersitetinde bilim bermegiň usullary, Ermenistanda ösdürilip ýetişdirilýän dänelik ekinleriň görnüşleri seçgiçilik tehnikalarynyň we tärleriniň aýratynlyklary babatda hem sowallar berildi, professor olara giňişleýin jogap berdi.

Duşuşygyň ahyrynda ýokary okuw mekdepleriň wekilleri şeýle sapaklaryň geçirilmeginiň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyna umyt bildirdiler hem-de şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nobatdaky beýanyna öwrülip biljekdigini tassykladylar. TDH

Degişli makalalar

Hazarýaka Döwletleriniň Prezidentleri Astanada, DIM-leriniň Ýolbaşçylary Aşgabatda Ýygnanyşarlar

Türkmenistanda Gowaça Ekişi Başlandy

syrach

Türkmen Göreşçileri Taýboks Sporty Boýunça Medal Gazanmagyň Ugrunda