25.5 C
Aşkabat
17.06.2025
SAGLYK

Lukmanlaryň Başarjaňlygy

ABŞ-da Oliwer Otto atly bir bäbege 5 ýaşly bir çaganyň ýüregi oturdyldy. Şowly geçen operatsiýadan soň çaganyň saglygy ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşýar.
Oliwer Otto 7 aýlyk bolup doguldy, emma ýüreginiň bolmalysyndan has uludygy entek ejesiniň garnyndaka anyklanyldy.
Bäbegiň ýüregindäki näsazlygynyň bagyr we böwreklere hem täsirini ýetirip başlamagy sebäpli, lukmanlar tiz wagtda başga bir ýüregiň oturdymagy barada karar kabul etdiler 
Laýyk gelýän ýürek birnäçe günde tapyldy we 6 günlük bäbege başga ýürek oturtmak üçin operatsiýa edildi.
1 aý ozal operatsiýa edilen Oliweriň saglygynyň gowulaşmagy hemmeleri geň galdyryar.
Oliweriň agramy şu wagt 3 kg, lukamnlar bolsa oňa guwanýarlar.
Oliweriň birnäçe hepde soň hassahanadan çykarylmagy meýilleşdirilýär.

Degişli makalalar

Ylym we innowasiýalar-medisina önümçiliginiň esaslary

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Ylym, Bilim, Saglygy Goraýyş, Sport Ulgamlary we Jemgyýetçilik Guramalarynyň Meseleleri Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Ýiti Respirator Wirusly Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça BSGG-niň Maslahatlary