34.9 C
Aşkabat
03.08.2025
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropleni, suwuklandyrylan gazy, kerosiniň dürli görnüşlerini (uçar, yşyklandyryş, tehniki) satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy, dizel ýangyjyny we awtomobil ýagyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplükler, pagta süýümi, şeýle hem portlandsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 137 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Degişli makalalar

Türkmen Pagtasy Dünýä Bazarynda Öz Ornuny Pugtalandyrýar

turkmenhabargullugy

Innowasiýa: Türkmenbaşydaky NGIZ Toplumynda Nebit Koksundan Grafit Alyndy

Türkmen Hemrasy Älem Giňişliginde Bellenilen Nokada Baryp Ýetdi

syrach