16.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident,

Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek maksady bilen, men jenap Mark Salkany
Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.

Jenap Mark Salkanyň şahsy häsiýeti we onuň bitiren hyzmatlary biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip, Siziň Alyhezretiňiziň goldawyna mynasyp boljakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda,  Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçimizi özüňize mahsus hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de Siziň Alyhezretiňize biziň adymyzdan aýtjak ähli zatlaryna, aýratyn-da, meniň Size belent hormat goýýandygym, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. 

Bronislaw Komorowski,
Polşa Respublikasynyň Prezidenti 
Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.

Degişli makalalar

Gadymy Pullar Alymlara Taryhyň Näbelli Sahypalaryny Täzeden Dikeltmäge Mümkinçilik Berýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Nobatdaky Duşuşygy Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Bildiriş (Türkmenistan İstanbul Başkonsolosluğu Hakynda)