07.02.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistaynyň we HHR- yň Daşary Işler Ministirlikleriniň arasyndaky Geňeşmeler

2015-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi. Hytaý tarapynyň wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Gao Ýuýşen wekilçilik etdi.

Gepleşikleriň dowamynda strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň sanawy ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan hem geljekde Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň ýollaryna seredildi.

Duşuşykda syýasy, ykdysady, energetika we gumanitar ulgamlaryndaky, şol sanda halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygynyň meselelerine üns berildi. Parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň we berkidilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň täze many bilen doldyrylmagynyň tagallalaryna uly ähmiýet berýändiklerine  üns çekdiler.

 Taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky geňeşmelerine döwletara gepleşikleriniň ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandyklaryny bellediler.

Degişli makalalar

Olimpiýa Şäherçesinde “Aşgabat 2017” Oýunlaryna Gatnaşyjy Ýurtlaryň Otuzysynyň Baýdaklary Galdyrdy

turkmenhabargullugy

Ýurduň Gündogaryndaky Darganata Etrabynda Täze AÝGB Işläp Başlady

turkmenhabargullugy

Astrahanda Aziada-2017-iň Tanyşdyrlyş Dabarasy Boldy

syrach