18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

 Türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bu mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän täze binasynda geçirildi. 

Mälim bolşy ýaly, mejlise gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Arkalaşygyň döwletleriniň – Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi. Moldowa Resupblikasyna Moldowanyň GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik doly ygtyýarly wekili, Ukraina şu ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wekilçilik etdi. 

Forumyň öňüsyrasynda – düýn, günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, şol sanda Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç, Ermenistanyň Premýer-ministri Owik Abraamýan, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Joomart Otorbaýew, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Şu gün mejlisiň öňüsyrasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministri Karim Masimow we Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow bilen duşuşdy. 19-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan-GDA hyzmatdaşlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze ösüşe we many-mazmuna eýe boldy. 



Ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde gatnaşyklar meselelerinde işeň orny eýeläp, açyk we deňhukukly gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we geljegi nazara almak bilen, netijeli ykdysady we gumanitar gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de ösdürmäge täze anyk çemeleşmeleriň başyny başlaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň duşuşyklaryna gatnaşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen gatnaşyklaryň we tutuş GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk binýadynda, özara hormat goýmak esasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde gurap, Arkalaşygyň howandarlygyndaky dürli çärelere yzygiderli gatnaşýar. Şunuň bilen birlikde, mälim bolşy ýaly, soňky döwürde ýurdumyz GDA-nyň möhüm duşuşyklarynyň we forumlarynyň birnäçesiniň geçirilen ýerine öwrüldi. Hususan-da, şu ýylyň sentýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Arkalaşyga agza ýurtlaryň Mekdep medeni-sport festiwalyny kabul etdi. Bu giň möçberli festiwal Hazaryň türkmen kenarynda dostlukly döwletleriniň ýaş nesliniň wekillerini jemledi. 

Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi GDA ýurtlarynyň ählisiniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Munuň özi ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň bähbidine netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant boldy. 

Irden belent mertebeli myhmanlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap ugradylar. Bu ýerde, binanyň eýwanynda wekiliýetleriň baştutanlaryny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. 

GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň we Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan surata duşmek dabarasy tamamlanandan soň, foruma gatnaşyjylar Mermer zala çagyryldy, bu ýerde çäkli düzümdäki mejlis geçirildi. 

Soňra duşuşyk Uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde, Aşgabat forumyna gelen wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygy açyp we wekiliýetleriň baştutanlaryny hem-de agzalaryny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň şu günki mejlisine gatnaşýandygy üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar, ýöne, muňa garamazdan, ýurdumyz Arkalaşygyň ähli derejede geçirilýän çärelerine hemişe işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şu ýylyň dowamynda, şol sanda ýurdumyzda geçirilen çäreler, şeýle hem 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, GDA – bu özara düşünişmek we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk üçin oňat meýdançadyr. 

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini we uly kuwwata eýedigini belledi. Munuň özi geoykdysady we geosyýasy nukdaýnazaryndan öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, häzirki zaman şertlerinde ykdysady ulgamda, has takygy, ulag, energetika, önümçiligiň kooperasiýasy, şeýle hem innowasiýalar, nou-haular, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda özara gatnaşyklar meseleleriniň uly ähmiýete eýedigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bu ugurda, şol sanda demir ýollary, awtomobil ýollary gurmakda, deňiz gatnawlaryny ösdürmekde anyk ädimleri ädýändigini belledi. Milli Liderimiz Orta Aziýany Ýakyn Gündogar bilen baglanyşdyrjak ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky ylalaşygy, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny we beýleki taslamalary mysal getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pars aýlagyna çykalgany üpjün edýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň möçberli taslama ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu ulag ýoluny dekabr aýynyň birinji ongünlüginde açmagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berip, pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhmanlary bu şanly waka gatnaşmaga çagyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz deňiz gatnawlaryny ösdürmegiň geljegi barada durup geçip, hyzmatdaşlyk üçin Russiýa Federasiýasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýdyp, geljek ýyl Türkmenbaşy, Olýa we Baku deňiz portlarynyň arasynda täze Ro-Pax paromynyň gatnap başlajakdygyny belledi. Şeýlelikde, Aziýany we Ýewropany birleşdirýän iri ulag halkasy döredilýär. Munuň özi hem IRU we beýlekiler ýaly halkara guramalary we düzümleri tarapyndan tassyklanylýar. Bu ulag geçelgesine beýleki ýurtlar, şol sanda Ermenistan, Ukraina, Moldowa hem goşulyp biler. 



Ýene-de bir möhüm ugur energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda Türkmenistan energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna durnukly we ygtybarly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek boýunça başlangyç bilen çykyş etdi. Bu başlangyç hem abraýly halkara guramalarynyň goldawyna mynasyp boldy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Rezolýusiýanyň iki gezek kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dekabr aýynda ýurdumyzda BMG-niň howandarlygynda iri halkara forumynyň geçiriljekdigini belledi. Şol forumda bu meselä bilermenler esasynda garalar. 

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikler barada aýdyp, bu babatda Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklara, bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilige eýe bolan önümçilik ulgamyny höweslendirmäge uly üns berýändigini nygtady. 

Şunda gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri aýratyn ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we pursatdan peýdalanyp, Arkalaşygyň döwletlerine beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şu ýyl bellenip geçilýän 290 ýyllyk baýramçylygyna gatnaşandygy hem-de onuň goşgularynyň GDA ýurtlarynyň halklarynyň dillerine tejrime edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamda bizde oňyn tejribe toplanyldy, hususan-da, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk eden ýylynda ýurdumyzda döredijilik intelligensiýasynyň forumy üstünlikli geçirildi. Her ýyl GDA-nyň medeni paýtagty bolan şäherler seçilip alynýar, mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda bu hormatly wezipe Mary şäheriniň üstüne ýüklenildi. Bu oňyn tejribäni bizden abraýly halkara düzümleriniň öwrenýändigi bellärliklidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ösüp gelýän nesli terbiýelemek babatda gumanitar-medeni ulgamda işjeň gatnaşyklaryň wajypdygyny aýratyn nygtady. 

Görşüňiz ýaly, bizi örän köp zatlar baglanyşdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we netijlei hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda GDA-nyň meýdançasynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine we onuň ýolbaşçysy Sergeý Lebedewe geçirýän uly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Bitarap Türkmenistanyň öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdygyny ýene-de bir gezek belläp, mejlise gatnaşyjylara üstünlik, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň adyndan düýpli çykyşy, öňe süren gyzykly tekliplere we mähirli arzuwlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Belarusuň hökümetiniň ýolbaşçysy mähirli garşylandyklary we türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik hem-de forumyň üstünlikli işlemegi üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda onuň gün tertibine girizilen meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Arkalaşyga agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryna degişli resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. 

Hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem gumanitar-medeni ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2015-2016-njy ýyllar üçin gumanitar hyzmatdaşlyk ulgamynda ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasyna garaldy. Onda medeniýet, bilim, ylym, maglumatlar we köpçülikleýin kommunikasiýalar, kitap neşir etmek we neşirýat, sport, syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2015-2017-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy makullanyldy. 

GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2015-nji ýylyň maý aýynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Soňra Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Bu dabara tamamlanandan soň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi. GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijelerini beýan edip, ol Arkalaşygyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrülen Aşgabat duşuşygynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi.

Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň barşynda taraplaryň däp bolan dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklarynyň strategiki hyzmatdaşlary hökmünde ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet Gullukçysynyň Etikasy we Gullukda Özüni Alyp Barşy Hakynda

syrach

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň Ilçisi Bellenildi

Türkmenistanda Halkara Guramalary Bilen Hyzmatdaşlyk Boýunça Resminamalar Taýýarlanyldy

syrach