01.12.2025
YKDYSADYÝET

Türkmenistanda Sement Arzanlar

2015-nji ýylyň 20-nji Martynda geçirilen Türkmenistanyň Ministirler Kabinetiniň Mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýurdumuzda Sementiň nyrhynyň 1 tonnasynyň 330 manatdan 175 manat möçberinde boljakdygyny belledi. 
Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyz boýunça dürli maksatly binalary we desgalary gurmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň hajatlary üçin sementiň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ilatymyzy sement bilen elýeterli bahadan üpjün etmek hem-de onuň bahasyny düzgünleşdirmek maksady bilen, sementiň ilata satylmagynyň 1 tonnasynyň häzirki hereket edýän 330 manat bolanlygyndan täze nyrhyň 175 manat möçberinde bellenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de muňa berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Degişli makalalar

Türkmen Alymlary Gowaçanyň Şor Topraga Durnuklylygyny Ýokarlandyrmak Boýunça Ylmy Barlaglar Geçirýärler

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň DIM-nde Bütindünýä Bankynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

Birža Täzelikleri

syrach