19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmennebit DK Nebit Çykarylyşy Artýar

Türkmennebit DK Nebit Çykarylyşy Artýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň guýulary abatlamak boýunça trestiniň işgärleri ýylyň başyndan bäri 287 sany guýuda ýerasty abatlaýyş işlerini geçirdiler, netijede «gara altynyň» goşmaça ýüzlerçe müň tonnasy we «mawy ýangyjyň» ýüzlerçe million kub metri alyndy.

Munda Türkmenistanyň iň irki ulanyş känleriniň biri bolan «Barsagelmez» känine uly orun degişlidir. Bu ýerde dürli sebäplere görä günlük alynýan möçberi azalýan guýularda meýilnama boýunça abatlaýyş işleri yzygiderli geçirilýär. Pes netijeliligi bolan guýulary abatlamak işinde ýörite çeýe turbalar peýdalanylýar. Bu hili turbalar sorujy-kompressor turbalaryndan tapawutlylykda çylşyrymly geologiýa-geofiziki şertlerde ýerasty abatlaýyş işlerini geçirmekde uly artykmaçlyk döredýär. Bu hili usulda 2016-njy ýylda 580-den gowrak guýy abatlanyldy.

Demirgazyk Türkmenistanyň ýene-de bir iri känleriniň biri bolan «Goturdepede» köp ýyllaryň dowamynda ýüzlerçe guýular ulanylýar. «Gaza altynyň» çykarylyş derejesini ýokary derejede saklamak maksady bilen 2007-nji ýyldan bäri bu ýerde «Goturdepe» gazkompressor stansiýasy netijeli peýdalanylýar. Onuň ulanyşa girizilmegi bilen köne käne täzeden jan berildi. 400 golaý guýuda nebitiň çykarylyşy ýokary netijeli bu gazlift usuly bilen amala aşyrylýar.

Bu kände nebit çykarylyşyny kadalaşdyrmaga guýularda ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini geçirýän göçme abatlaýyş brigadalary hem ýakyndan ýardam berýär. Bu günki gün olar HHR-de öndürilen «Xj-250» kysymly kuwwatly ýükgöteriji desgalara eýelik edýärler. Ol desgalar zähmetkeşleriň işini ep-esli ýeňledýär we tutuş önümçilik-tehnologiki işiň durnuklylygyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda «Türkmennebitiň» burawçylary «Goturdepe» käniniň demirgazyk böleginde nebitiň ägirt uly ätiýaçlyk gorlary bar diýlip çaklanylýan kenarýaka böleginde guýularyň sanyny artdyrýarlar. Bu ýerde netijeli nebitgazly plastlaryň bardygy bu çäklerde geçirilen gözleg burawlarynyň we geofiziki barlaglaryň netijeleri boýunça tassyklanylýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Raýatlarynyň Türkmenistandan Gitmegi we Türkmenistana Gelmegi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy