27.9 C
Aşkabat
03.08.2025
DÜNÝÄ

Türkmen we ermeni liderleri duşuşyk geçirdiler



Täzelikler

Türkmen we ermeni liderleri duşuşyk geçirdiler

25.11.2010

Düýn Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan iki günlik resmi sapar bilen Aşgabada bardy.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Sarkisýan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, regional we halkara meseleler barada pikir alyşdylar.

Prezident Berdimuhamedow iki ýurduň ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň wajypdygyny hem belledi.

Ermenistanyň prezidenti Sarkisýan ykdysady gatnaşyklaryň çäginde öz ýurdunyň Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn almaga gyzyklanýandygyny aýtdy.

Iki prezident düýnki gepleşikleriň ahyrynda bäş ylalaşyga gol goýdular. Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň 2010- 2015 ýyllar aralygyndaky hyzmatdaşlygy, iki ýurduň bilim ministrlikleriniň hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşyklar hem bar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Söweş Sungatlarynyň Bütindünýä Oýunlarynyň Komiteti Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlyk Etmäge Gyzyklanma Bildirdi

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Nobatdaky Wideomaslahatlar we Duşuşyklar Geçirildi

Pan Gi Mun Soçä bardy.

syrach