23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň üçünji duşuşygynda eden çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki üçünji duşuşygyny gurandygy we bilelikde işlemäge ähli şertleri döredendigi üçin, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Geýdarowiç Aliýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Biz şu günki ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisi Hazar basseýniniň örän möhüm strategik sebitdigine we bu ýerde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy we özara arkalaşykly hereketleri ösdürmegiň hazarýaka döwletleriniň ählisiniň uzakmöhletleýin bähbiletlerine laýyk gelýändigine düşünýärler diýip hasap edýäris. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda dürli derejelerde geçirilýän gepleşikleriň hut şu umumy garaýşyň esasynda amala aşyrylýandygyna ynanýaryn.

Bir söz bilen aýdylanda, bu gepleşikler netijeli geçirilýär diýip baha bermek bolar. Hazar bilen bagly meseleleriň aýry-aýry ugurlary boýunça çemeleşmelerde we garaýyşlarda, elbetde, tapawutlar bar. Ýöne bu tapawutlar biziň özara gatnaşyklarymyzyň umumy ýagdaýyna kesgitleýji täsir edip biljek şertler däldir.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň 2002-nji ýylda Aşgabatda geçen ýokary derejedäki birinji duşuşygy umumyhazar gepleşiklerini Hazar bilen bagly meseleleriň ähli ugurlary boýunça biziň ýurtlarymyzyň öňünde durýan uly wezipelere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenipdi. Şu nukdaýnazardan, ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygynyň öňde goýan maksatlaryna ýetildi diýip pikir edýärin.

Soňky döwürde biz hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny emele getirmekde öňegidişlik gazandyk, onuň guramaçylyk görnüşlerini kämilleşdirdik, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2007-nji ýylda Tähranda geçen ýokary derejedäki ikinji duşuşygy bu meseleleri netijeli çözmekde möhüm ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama gol çekildi.

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasynyň üstünde netijeli işler alnyp barylýar we häzirki döwürde taraplar bu resmi namanyň düzgünleriniň köpüsi boýunça ylalaşyk gazandylar. Häzirki wagta çenli Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasy ylalaşyldy.

Deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa gol çekilmegini biziň bilelikdäki üstünligimiz hasaplap bolar. Häzirki döwürde hazarýaka döwletleriniň ekspertleri bu Konwensiýa Teswirnamalaryň taslamalaryny taýýarlamagyň üstünde düýpli we netijeli işleýärler. Bu işleriň ählisi hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna we biziň ýurtlarymyzyň netijeli, özara arkalaşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyna şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar deňzinde işiň dürli görnüşlerini mundan beýläk-de hukuk taýdan düzgünleşdirmäge gönükdirilen Ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga başlamagy teklip edýär. Hususan-da, Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamaga başlamagy zerur hasaplaýarys.

Bu Ylalaşygyň kabul edilmegi şu ugurda işlemek üçin berk hukuk esasyny döretmäge mümkinçilik berer. Has anyk aýdylanda, bu Ylalaşyk biologik serişdeleri ulanmagyň kadalaryny bäştaraplaýyn esasda ylalaşmaga, hususan-da, halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen, bekre balyklaryny tutmak üçin paýlary hazarýaka döwletleriniň arasynda paýlamaga we özleşdirmäge mümkinçilik berer. Biz Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri baradaky topara 2007(2008-nji ýyllarda başlyklyk eden döwrümizde bu mesele boýunça täze usullary teklip etdik.

Adatdan daşary ýagdaýaryň ýüze çykan ýa-da olaryň ýüze çykmak howpy dörän halatynda, hazarýaka döwletleriniň hereketlerini utgaşdyrmak maksady bilen, Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamaga girişmegi hem maksadalaýyk hasaplaýarys.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Öz çykyşymda Hazar deňziniň hukuk derejesi bilen bagly, häzirki döwre çenli çözülmedik meseleleriň birnäçesine aýratyn üns bermek we olar boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etmek isleýärin.

Birinjiden, bu – Hazar deňziniň düýbüniň we ýerasty baýlyklarynyň çäklerini bellemek meselesidir. Bu meselä garalanda Türkmenistan Hazarda serhediň geçýän ugruny halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk edýän taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleriniň esasynda kesgitlenmelidigine düşünmekden ugur alýar.

Şu ýerde, Hazar boýunça bar bolan, çözülmedik meselelere syýasy öwüşginiň berilmegine biziň garşydygymyzy nygtamak isleýärin.

Hususan-da, Hazar deňziniň düýbüniň we ýerasty baýlyklarynyň çäklerini bellemek hukuk bilen baglanyşykly meseledir, ol parahatçylyk, diplomatik we hukuk serişdeleri hem-de usullary bilen çözülmelidir.

Ikinjiden, Hazar deňziniň düýbünden turba geçirijileri gurmak meselesi biziň üçin möhüm mesele bolup durýar. Türkmenistan Hazarda suwasty turba geçirijiniň diňe deňizde degişli taraplaryň ylalaşmagy boýunça gurulmalydygyna pugta ynanýar. Elbetde, şunuň bilen birlikde, şeýle işler amala aşyrylanda iň ýokary halkara ekologik standartlary we kadalary berjaý edilmelidir.

Üçünjiden – bu Hazaryň akwatoriýasynyň çäklerini bellemek meselesidir. Türkmenistan Hazar deňziniň akwatoriýasy içerki suwlara, territorial deňze we umumy suw giňişligine bölünýändigi baradaky garaýşa pugta eýerýär.

Şunuň bilen birlikde, biz giňligi 20 deňiz mili bolan territorial deňzi bellemegiň tarapdary bolup çykyş edýäris, bu bölek degişli kenarýaka döwletiniň doly özygtyýarlylygynda bolmalydyr. Territorial deňziň daşky çyzygy bolsa, Döwlet serhedi bolmalydyr.

Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!

Durnuklylygy we howpsuzlygy pugta üpjün etmek biziň Hazarda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegimiziň esasy şertidir, bar bolan ähli meseleleri çözmegiň girewidir. Biz bu maksady amala aşyrmak üçin bilelikde köp iş edýäris we häzirki döwürde Hazar deňziniň biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy bölmän, eýsem, birleşdirýändigine guwanyp bileris. Hazarýaka döwletleriniň özara arkalaşykly köptaraplaýyn gatnaşyklary etmeginiň, dürli meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakynlaşmagynyň yzygiderli we üýtgewsiz häsiýete eýe bolandygyna ynanýaryn.

Şunuň  bilen  baglylykda,  şu   duşuşyga gatnaşýan      Azerbaýjan      Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň hormatly Prezidentlerine Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işine uly şahsy goşant goşýandyklary üçin, aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Häzirki döwürde biziň üçin ýapyk ýa-da çylşyrymly mesele ýok. Hazar meselesiniň ähli ugurlary boýunça biz öz garaýyşlarymyzy dostlara we hoşniýetli goňşulara mahsus bolan açyklyk we yananyşmak ýagdaýynda beýan edýäris. Biziň şu günki ýokary derejedäki duşuşygymyz hem muny doly derejede tassyklaýar. Bu duşuşygyň hazarýaka döwletleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna, Hazar deňzini parahatçylygyň we gülläp ösüşiň sebitine öwürmek boýunça biziň garaýyşlarymyzyň umumylygyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn.

Sag boluň! 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Kärende Hakynda

Aşgabatda Dünýä, Syýasy we Ykdysady Jemgyýetçiliginiň Wekilleri Ýygnandylar

turkmenhabargullugy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ylmy Jemgyýetçiligine Gutlag Hatyny Iberdi