12.9 C
Aşkabat
20.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Germanýanyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Helmut-Wolfgang Brett bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi işlän ýyllarynyň dowamynda Ilçihananyň işine beren goldawy, gadyrlylyk we myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Diplomatyň belleýşine görä iki ýurduň netijeli özara gatnaşyklary Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary we hususan Germaniýa bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar  gatnaşyklary berkitmeklige gönükdirilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynamly alyp barýan daşary syýasy ugry sebapli mümkin boldy. 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri nemes Ilçisine berk dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda gurulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan önjeýli hususy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekdäki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Moskwada “Türkmenistan-Russiýa Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygy” Atly Tegelek Stol Geçirildi

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach