26.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry

Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda geçiren Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmagy has-da giňeltmegi ýakyn döwür üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2018—2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat möçberinde maýa goýumlary gönükdiriler.

Bu serişdelere ýeri aralykdan zondlaşdyrmak üçin niýetlenen nobatdaky emele hemrany gurmak hem-de älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bu pudagyň ýerüsti düzümini, işgärleri taýýarlamagy, bu ugurda ylmy işleri artdyrmak wezipesi durýar.

2011-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň döredilmegi hem-de 2015-nji ýylda kommunikasiýalary ösdürmäge ýardam edýän “Türkmen Älem 52oE” hemrasynyň ýeriň golaýyndaky orbita çykarylmagy Türkmenistanda kosmos tehnologiýalary eýýamynyň başlanmagyny alamatlandyrdy. Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşen kosmodromdan kosmos enjamynyň Falcon-9 göteriji raketada üstünlikli uçurylmagy örän uly ähmiýetli waka bolup, ol Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Bu waka biziň ýurdumyz üçin diňe tehnologik taýdan öňe gidişlik bolmak bilen çäklenmän, eýsem ideologik we syýasy taýdan möhüm waka öwrüldi. Türkmenistan beýik maksatlary we hoşniýetli hyýallary bilen älem giňişligine çykdy. Biziň döwletimiz kosmos tutuş adamzat üçin parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňişligine öwrülmelidir diýen ýörelgeden ugur alýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu waka mynasybetli eden çykyşynda belledi.

Hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, kosmos giňişligini öwrenmek bilen bagly ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden emeli hemrany dolandyrmak boýunça wezipeler Milli kosmos agentliginiň üstüne ýüklenildi. MKA-da habar berişleri ýaly, häzirki wagtda hemra bellenilen geostasionar orbitada ýerleşip, milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişini üpjün edýär. Agentligiň işgärleri onuň hereketine gözegçilik edýärler hem-de ýerüsti enjamyna hyzmat edýärler.

Transponderleriň ýokary geçirijilik ukyby “Türkmen Älem 52oE” hemrasyna teleýaýlymlaryň onlarçasyny, standart, şeýle hem ýokary mümkinçilikli ýaýlymlary alyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Onuň peýdaly agramy kommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek üçin niýetlenen döwrebap enjamlary öz içine alýar. Häzir “BSS” hemra ýaýlymy Türkmenistanyň teleradioýaýlymlaryny alyp görkezýär. Dürli döwletleriň kompaniýalary bilen telewizion signaly geçirýän ýaýlymy peýdalanmak barada şertnamalar baglaşyldy. Ýurdumyzyň ministrlikleri we edaralary milli hemranyň hyzmatlaryndan üstünlikli peýdalanýarlar. “Türkmen hemrasy” paýdarlar jemgyýeti hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryny ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda işleýän iri daşary ýurt kompaniýalaryna hödürleýär.

Onlarça müň kilometr belentlikde Ýeriň daşyndan aýlanýan “Türkmen Älem 52oE” hemrasy Garagum çölünde ýerleşen alym şäherçeleri hem aragatnaşyk bilen üpjün etdi. Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Kirpili obasynyň hem-de Balkan welaýatynyň Oýlyguşlyk obasynyň ýaşaýjylaryny görkezmek bolar. Olar milli hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryndan hem-de internetden gije-gündiziň dowamynda peýdalanmaga mümkinçilik aldylar.

Ilatly ýerleriň hemra aragatnaşygyna birikdirilmegini “Türkmentelekom” döwlet elektro aragatnaşyk kompaniýasynyň hem-de “Türkmen hemrasy” paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri amala aşyrdylar. Olaryň üstüne hemra göwrümini (peýdaly agramy) kommersiýalaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň çäklerinde hyzmatlary hödürlemek wezipeleri ýüklendi. Ýurdumyzyň alys etraplary bilen aragatnaşygy üpjün etmek üçin hünärmenlerimiz tarapyndan kosmos aragatnaşygynyň ulanylmagy—ýurdumyzy ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary çözmek üçin bu ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň biridir.

Garaşylyşy ýaly, täze emeli hemramyz hem milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşini çaltlandyrmak maksadynda ulanylar. Ýeri uzak aralykdan zondlaşdyrmak boýunça kosmos enjamy halk hojalygynda peýdalanmak nukdaýnazaryndan geljegi uly hasaplanýar. Mundan başga-da, ol barmasy kyn, tizlikli we beýleki desgalar barada maglumatlary almaga, şeýle hem belli bir ýeriň giň böleklerinde gözegçiligi geçirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem uzak aralykdan zondlaşdyrmak Ýer üstünden maglumatlary ýygnamagyň gymmat düşýän we haýal usullarynyň ýerini tutýar.
Mysal üçin, energetikada elektrik geçiriji ulgamlaryň we transformator beketleriniň elektron kartlaryny döretmek, alnan maglumatlary ýygnamak, işlemek we saklamak, desgalaryň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek mümkin bolýar.

Uzak aralykdan zondlaşdyrmak nebit ýataklaryna, turba geçiriji ugurlara we nebiti gaýtadan işleýän zawodlara ekologiýa-hukuk gözegçiligini geçirmäge mümkinçilik berýär, şol sanda nebitiň dökülýän möçberini kesgitleýär, gazylyp alynýan tebigy serişdeleri çykarýan kompaniýalaryň işine gözegçilik edýär. Şeýle hem ol geoylymlary (mysal üçin, tebigatdan peýdalanmak) ulgamynda, oba hojalygynda (tebigy serişdeleri peýdalanmak we saklamak) amaly ähmiýete eýe bolup durýar.

Hemranyň kömegi bilen aýry-aýry sebitleriň şekilini belli bir tapgyrlaýyn almaga, sürüm meýdanlaryny, şeýle hem öri meýdanlary kesgitlemäge, ýerleriň ýagdaýy barada gymmatly maglumatlary almaga mümkinçilik döreýär. Hususan-da, kosmos enjamy arkaly oba hojalyk işgärleri ýerine ýetirilen oba hojalyk işleriniň meýdanlaryna, ösümlikleriň haýal ösýän ýerlerine gözegçilik etmäge, dökünleri ulanmaga bolan islegi, ýetişmek derejesini öwrenmäge, hasyllylygy çaklamaga mümkinçilik alýarlar. Bu maglumatlar fermer hojalygyny hem-de tehniki amallary giňişlikde dolandyrmak üçin ulanylyp bilner.

Hemra üsti bilen alynan şekiller gurulýan täze desgalarda işleriň barşyna, ulag düzüminiň täze ýollaryny çekmek hem-de bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek işlerine, diňe gury ýerde däl-de, eýsem Hazaryň deňiz ýalpaklygynda ekologiýa ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ençeme esse artdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, esasy halkara guramalary bilen ylmy, tehnologik hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilmegi Türkmenistanyň kosmos tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyna ýardam edýär. Uzak Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň iri ylym-bilim merkezleri bilen özara gatnaşyklar täze derejelere çykýar. Türkmenistanyň BMG-niň 2017—2020-nji ýyllar üçin ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça toparyna saýlanylmagy bolsa ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülip, durmuş-ykdysady, innowasion-tehnologik babatda sazlaşykly ösýän, şeýle hem onuň dünýäniň kosmos döwletleriniň hataryna goşulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. (TDH)

Degişli makalalar

Türkmen Arhiwi Žurnalynyň Täze Sany

syrach

Turkmenistan is preparing to hold the First Caspian Economic Forum

turkmenhabargullugy

Köneürgenjiň Arhitektura Ýadygärliklerini Rejelemek Boýunça Türkmen Ýapon Hyzmatdaşlygy Barada Ylalaşyga Gol Çekildi