01.12.2025
YLYM

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, kämil terbiýeli nesli kemala getirmek hem-de “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň, Başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplomyň, Orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň, Ýokary hünär bilimli hünärmeniň diplomynyň nusgalary tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2015-nji ýylyň 27-30-njy apreli aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Degişli makalalar

Bilim ulgamyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.

syrach

Magtymguly Adyndaky TDU-nyň Talyplary Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplarynyň Arasynda Geçirilen Olimpiýadanyň Ýeňijileri

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi «Bilim Hakynda»

turkmenhabargullugy