14.9 C
Aşkabat
20.05.2024
YLYM

Bilim

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny  hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek  we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.


Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde Türkmenistanda “Bilim hakyndaky” kanun kabul edildi.  Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär, orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter we  multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär we çagalar baglary, orta we ýokary okuw jaýlary gurmakda uly işler alnyp barylýar.


 Häzirki wagtda Türkmenistanda 1741 sany orta mekdep, 848 sany çagalar bagy, 23 ýokary okuw jaýy, 127 sany başlangyç bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepler, 27 sany tehnikum hem-de ýörite orta mekdepler bar.


“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli obalaryň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmek baradaky milli maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň çagalar baglarynyň sany 428-e, orta mekdeplerniň sany bolsa 328-e ýeter. 

Degişli makalalar

Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň Talyplary Halkara Bäsleşigiň „Robot Tehnikasy Babatda Iň Gowy Iş we Ösüş Üçin“ Diýen Baýragyny Eýelediler

12 ýyllyk umumy bilime geçmäge taýýarlyk.

syrach

Stambul Uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 Ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni Mynasybetli Ylmy Maslahat we Dabaraly Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy