29.9 C
Aşkabat
17.06.2025
YKDYSADYÝET

Sement Zawodynda Ýöriteleşdirilen Dükan

Balkanyň sement zawodynyň binýadynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Türkmensement” ÖB ýöriteleşdirilen dükany açyldy. 

Sement satyn alyjylar üçin täze, has amatly bahalardan satylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin şeýle zerur önümi llkinji bolup alanlar döwlet we hususy bölege degişli bolan gurluşyk senagatynyň wekilleri, şeýle hem ýurduň günbatar sebitinde işleýän daşary ýurt firmalary boldular. 

Şunuň ýaly dükanlary welaýatyň beýleki şäherlerinde hem, hususanda Türkmenbaşy, Hazar, Serdar, Bereket, Gumdag ýaly şäherlerinde hem açmak göz öňünde tutulýar. Bu çözgüt gurluşyk işlerini çalt depginler bilen ösýändigi bilen şertlendirilendir. Bu bolsa öz wagtynda sarp edijileri sement bilen bökdençsiz üpjün edilmegini talap edýär. Şu ýylyň birinji çärýeginde Balkan welaýatynda 286 müň tonna ýokary hilli sement öndürildi. Bu bolsa bellenendäkisinden 28 müň tonna köpdür.

Degişli makalalar

Lebapda iň iri «Gündogar bazary» söwda toplumy gurular.

syrach

Lebap Welaýatynyň Serdarabat Etrabynda Agyz Suwy Zawody Işe Girizildi

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy