14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YKDYSADYÝET

Limitden artyk ýakylan 1000 kubmetr gazyň bahasy 2 manat.

Döwlet öz garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny we onuň abadançylygyny gowlandyrmak barada beýan etdi. Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň ilaty dünýäde deňi-taýy bolmadyk subsidiýalardan üstünlikli peýdalanyp gelýär.

1993-nji ýylyň birinji ýanwaryndan göýberilýän elektrik energiýasynyň limitleri, suwdan we gazdan mugtuna peýdalanmak girizildi. Öýlere tebigy gaz üznüksiz berilýär, her bir adama gazdan mugtuna peýdalanmagyň kadasy ýöredilýär. Bular Prrezidentiň Karary bilen ýigrimi ýyldan gowrak wagt mundan ozal tassyklandy. Her bir adam ýylda 600 kubmetr tebigy gaz kesgitlendi, limitden artyk ýakylan 1000 kubmetr gazyň bahasy bolsa bary-ýogy… 2 manat.

Ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tebigy baýlyklary, aýratyn hem tebigy gazy, aýawly we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Döwlet baştutanynyň bu aladalary ýönelige däldir. Sebäbi dünýä üýzüniň tebigy serişdeleriň tükeniksiz däldigini boýun alan mahalynda, biz häzirki nesliň zerurlyklaryny kanagatlandyryp, geljekki nesliň bähbitlerine zyýan ýetirmesizden tabigy baýlyklary ýerlikli peýdalanmalydyrys.

“Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň baş inženeri Döwran Çişiýewiň belleýşi ýaly, bu birleşik gaz geçirijisiniň 39 müň kilometrine, şeýle hem ýurduň gazy sarp edijileriniň takmynan 839 müň sanysyna hyzmat edýär. Şu günki günde ýurduň çäkleriniň 96,5 göterimi birleşik tarapyndan gazlaşdyryldy. Birleşik gazy sazlaýjy we bölüji enjamlaryň müňlerçesine hyzmat edýär, kärhanalar we ilat tarapyndan tebigy gazyň sarp edilşine gözegçilik edýär.

Ykdysadyýetiň çalt depginlerde ösmegi bilen gazyň sarp edilşi epesli artdy. Her bir sarp edijiniň gazy takyk sarp edişini bilmek maksady bilen, halkara ülňüleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýangyjyň takyk sarp edilşiniň hasabat ulgamyny ornaşdyrmagyň zerurlygy ýüze çykdy. Bu maksatlar üçin “Türkmengaz” Döwlet konserni tarapyndan gaz ölçeýjileriniň 124 müň sanysyndan gowragy satyn alyndy. Bu mukdardan eýýäm tebigy gazyň sarp edilşini barlaýan enjamlaryň 61 müňüsi oturdyldy. Bu iş welaýatlaryň ählisinde mundan beýläk hem dowam etdiriler. Sebäbi köp sanly sarp edijiler durmuşda tebigy gazdan epesli artykmaç ulanylmagna ýol berbärler.

Ýurduň Prezidentiniň 1992-nji ýyldaky Kararynda ýyladyşhanalary, daça we bagçylyk uçastoklaryny, hususy we kooperatiw önümçilik eýeçiliginde ulanylýan enjamlary mugtuna gyzyrylmaly däldigi kesgitlenildi. Ýöne muňa garamazdan, ilatyň durmuş derjesini ýokarlandyrmak maksady bilen göýberilýän ýangyç limitden daşgary bir ýarym esse köp harç edilipdir. Ýyladyşhanalary bug bilen ýylatmagyň deregine gazy “ýudup ýatan” hem-de ösdürilip ýetişdirilýän önümleriň hilini epesli peseldýän demir peçleriň ulanylýandygy, ýaşaýyş jaýlarynda tehniki howpsuzlygyň kadalaryny bozýan gaz gorelkalarynyň ulanylýandygy ýaly maglumatlar hem bar.

Ýöne gazyň haýsy maksatlar üçin ulanylanda hem – isle nahar taýýarlamak üçin, isle suwy gyzdyrmak üçin ulanylsyn – hasaplaýjy enjamyň oturdylmagy maksada laýyk bolar. Bu batada gazyň diňe limitden daşgary sarp edilşine tölemeli bolar. Gazyň sarp edilşini ölçeýji enjamyň oturdylmagy maşgala serişdelerini tygşytlamaga kömek etjekdigi moral nukdaýnazaryndan ylmy we tejribe tarapyndan tassyklandy. Şunlukda enjamyň oturdylmagy maşgalanyň býujetine zyýan ýetirmez. Meselem, köp ýagdaýlarda ýaşaýyş jaýlary gaz plitalary bilen üpjün edilendir. Gaz plitasy, eger-de onuň dört gözi hem ýakylanda, sagatda 1,2 kubmetr gazy ýakýar. Dört sagatlap üsnüksiz işlände ol 4,8 kubmetr gazy ýakýar, ýylda bolsa 1728 kubmetr gazy ýakýar. Eger-de ondan maşgala mugt berilen limiti aýyrsaň, aýdalyň üç adamdan ybaarat bolan maşgala (1800 kubmetr), şonda hem hiç zat tölemesiz bolar. Sebäbi artykmaç ýangyç ýakylmaz. Muny bolsa oturdylan gazyň sarp edilşini hasaplaýjylar görkezer. 

Degişli makalalar

1 million tonna türkmen pagtasy taýýar

syrach

Birža Täzelikleri

syrach

Туркменистан ведет подготовку к проведению Первого Каспийского экономического форума

turkmenhabargullugy