18.04.2026
SPORT

Maria Şarapowa Çempion Boldy

Jemi 2 428 490 dollar baýrakly Roma Open tenis bäsleşiginde düýn oýnalan final ýaryşynda ispaniýaly garşydaşy Karla Suarez Nawarrodan 2-1 hasabynda üstün çykan russiýaly tenisçi Maria Şarapowa çempion boldy.

19-njy maý 7-nji iýun aralygynda boljak Roland Garros bäsleşiginiň öňü syrasynda geçirilen we bäsleşikleriň biri hasaplanylýan Roma Open tenis bäsleşiginde ýeňiji boldy we şol bir wagtdaWTA dünýä sanawynda 1 basgançak ýokary çykyp 2-nji oruna geçen Şarapowa geçen ýyl Fransa Open bäsleşiginde gazanan ýeňiji titulyny gorar.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Bildiriş

turkmenhabargullugy

Jiu-Jitsu Boýunça Türkmen Ussatlarynyň Üstünligi

syrach

Işjeň sport döwri.

syrach